Dünýäniň ilkinji raketkasy Eşli Barti Maýamide geçirilen WTA ýaryşda ýeňiji boldy

  • 06.04.2021 18:22
  • 4.7k+

Awstraliýaly tennisçi Eşli Barti (WTA-nyň reýtinginde birinji) Maýamide geçirilen abraýly halkara ýaryşda ýeňiji boldy diýip, Sputnik gullugy habar berýär.

Ýaryşda awstraliýaly çempiona WTA-nyň reýtinginde 9-njy orunda durýan kanadaly türgen Bianka Andreýesku garşy çykdy. Barti birinji setde 6:3 hasabynda üstün geldi, ýöne duşuşygy ahyryna çenli tamamlap bilmedi. Sebäbi Andreýesku dört geým utulyp, ýaryşdan aýryldy.
Şeýlelikde, awstraliýaly türgen öz onunjy, Maýamide bolsa ikinji titulyny gazandy. Ýaryş bir sagatdan gowrak dowam etdi.
Ondan öň, ýaryşda Barti 1/4 finalda Arina Sobolenkony (8), 1/8 finalda bolsa Wiktoriýa Azarenkany ýaryşdan çykardy. Maýamide geçirilen WTA 1000 bäsleşiginiň baýrak pullary jemi 3,2 million dollardan gowrak boldy.

düýn 14:53
6.4k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.4k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....