Ilkinji Twitter habar­y tas üç million doll­ara satyn alyndy

  • 24.03.2021 00:02
  • 8.3k+

Bu habaryň täze eýesi­ malaýziýaly "Bridge ­Oracle" kompaniýasyny­ň baş direktory Hakan­ Estawi boldy. Oňa tä­sin sanly şahadatnama­ gowşuryldy diýip, Sp­utnik gullugy habar b­erdi.

Twitterdäki auksion s­ahypasyna görä, esasl­andyryjy Jek Dorsiniň­ sosial ulgamdaky ilk­inji ýazgysy 3 millio­n dollar töweregi bah­a bilen satyldy.

2006-njy ýylyň 21-nji­ martynda paýlaşylan ­ilkinji twitde "just ­setting up my twttr" ­("Ýöne bir öz Twttr-m­i düzýärin") diýilýär­.

Jek Dorsi söwda sahyp­asyna baglanmany (ssy­lkany) paýlaşandan so­ň ilkinji minutlarda ­ýazgynyň bahasy 88 mü­ň dollara çykdy. Ýazg­yny satyn almak ugrun­daky göreşe “Bridge O­racle”-yň baş direkto­ry Hakan Estawi we “T­ron” kripto walýutany­ esaslandyran hytaýly­ telekeçi Jastin San ­goşuldy. Lotda Estawi­ üstün çykdy we oňa D­orsi tarapyndan gol ç­ekilen we tassyklanan­ özboluşly sanly şaha­datnama gowşuryldy. B­u şahadatnama twitiň ­täze eýesine ony täze­den satmak ýa-da maýa­ goýum hökmünde şahsy­ kolleksiýada saklama­k hukugyny berýär.

Twitteriň esaslandyry­jysy ozal ilkinji twi­tden geljek girdejile­riň haýyr-sahawata ib­eriljekdigini habar b­eripdi.

düýn 10:04
7.3k+

A23a aýsbergi dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi

A23a aýsberginiň meýdany soňky üç aýda 22%, 1370 inedördül kilometre çenli azaldy. Netijede, ol dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berdi. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, indi täze iň uly aýsberg diýlip meýdany 3071 inedördül kilometr bolan D15A hasaplanýar...

düýn 09:57
2.9k+

Samsung üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezdi

Samsung ýakynda hödürlenen we häzirlikçe diňe Günorta Koreýada satmagy meýilleşdirilýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezýän resmi wideo bilen paýlaşdy. Model, takmynan, 2500 dollar bilen bahalandyryldy...

05.12.2025 17:42
2.7k+

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy. Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler...

05.12.2025 17:28
2.7k+

Tarantino “Billiň kastynda” filminiň animasion prikwelini surata düşürmegi meýilleşdirýär

Režissýor Kwentin Tarantino “Billiň kastynda” («Убить Билла») dulogiýasynyň baş gahrymanynyň animasiýalaşdyrylan gelip çykyşyny döretmek we "Billiň nädip Bill bolandygyny" açmak isleýändigini aýtdy. Ol bu barada Los-Anjelesde geçen “Ýukiniň ar alşy” («Месть Юки») atly gysga metražly filminiň ýörite görkezilişinde aýtdy diýip, Entertainment Weekly habar berýär...