Ýewropa ligasynyň çärýek we ýarym final tapgyrynyň bijeleri çekildi

  • 21.03.2021 17:35
  • 10k+

19-njy martda UEFA-nyň Nýondaky ştab-kwartirasynda Ýewropa ligasynyň 1/4 we 1/2 final tapgyrynyň bijeleri çekildi.

1/4 final tapgyrynyň jübütleri:
«Granada» – «Mançester Ýunaýted» 
«Arsenal»– «Slawiýa»
«Aýaks» – «Roma»
«Dinamo» Zagreb – «Willareal»

Ýaryşyň ýarym finalynda «Granada» – «Mançester Ýunaýted» jübütiniň ýeňijisi «Aýaks» – «Roma» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.
«Dinamo» Zagreb – «Willareal» jübütiniň ýeňijisi bolsa, «Arsenal»– «Slawiýa» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.
Birinji çärýek final duşuşyklary 8-nji aprelde, jogap oýunlary 15-nji aprelde geçiriler.
Birinji ýarym final duşuşyklary 29-njy aprelde, jogap oýunlary 6-njy maýda geçiriler.
Final duşuşygy 26-njy maýda Polşada «Gdansk Arenada» geçiriler.

düýn 23:49
725

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......