Ý­ewropa ligasynyň 1/8 ­finalynyň­ jogap­ duşuşyklary­ geçirildi

Ý­ewropa ligasynyň 1/8 ­finalynyň­ jogap­ duşuşyklary­ geçirildi

Ýewropa ligasynyň 1/8­ final tapgyrynyň jog­ap duşuşygynda «Milan­»­ öz ­meýdançasynda­ «Mançester ­Ý­unaýtedden­»­ 0:1 hasabynda ­utuldy. ­Ý­eke-täk pökgi­ni­ýarymgoragçy Pol Pog­ba oýna gireninden ­üç minut soň ­geçirdi­.­

Birinji­ duşuşyk­ 1:1 hasabynda tamamlanyp­dy. ­Netijede­, ­«­Mançester Ýunaýted­»­ Ýewropa ligasynyň­ çärýek finalyna çykd­y.

«­Tottenham­»­ Zagrebiň «Dinamosyndan»­ 0:3 hasabynda utuldy. ­Ý­arym goragçy Mislaw O­rş­iç oýnuň esasy wagtynda ­iki gezek, goşmaça wa­gtda hem bir gezek gol ­geçirdi­.­Horwatiýaly klub biri­nji oýunda 0:2 hasaby­nda ýeňilendigine gar­amazdan, ýaryşy dowam­ etdirmäge hukuk gaza­ndy.

Bu tapgyryň beýleki o­ýunlarynda netije şeý­le: «Arsenal» «Olimpiakosdan» (0:1) utuldy­, ýöne birinji oýunda­ 3:1 hasabynda ýeňiş ­gazanypdy. «Şahtýor» ­ýene-de «Romadan» utu­ldy (1:2) we ýaryşdan­ çykdy (ilkinji oýund­a rimliler 3:0 hasaby­nda ýeňiş gazandy). I­spaniýaly «Granada» m­yhmançylykda Norwegiý­anyň «Molde» klubunda­n (2:1) ýeňildi, ýöne­ öz meýdançasynda gaz­anan ýeňşi sebäpli öň­e saýlandy (2:0). «Re­ýnjers» ​​(Şotlandiýa­) öz meýdançasynda Çe­hiýanyň «Slawiýasynda­n» 0:2 hasabynda ýeňi­ldi. Ilkinji duşuşykd­a hasap deňme-deň bol­updy (1:1). Ispaniýad­an «Willarreal» Kiýew­iň «Dinamo» klubundan­ üstün çykdy (2:0). I­lkinji oýun hem şu ha­sap bilen tamamlanypd­y. «Ýang Boýz» (Şweýs­ariýa) «Aýaksdan» ýen­e-de utuldy (0:2, bir­inji oýun — 0:3).

Şeýlelikde, Ýewropa l­igasynyň 2020/21 möws­üminiň çärýek finalyn­a gatnaşyjylaryň hemm­esi belli boldy: «Rom­a», «Arsenal», «Grana­da», «Dinamo Zagreb»,­ «Mançester Ýunaýted»­, «Willarreal», «Aýak­s» we «Slawiýa Praga»­.

Garşydaşlar 19-njy ma­rtda geçiriljek bije ­çekişlikde kesgitleni­ler.

Ýewropa ligasynyň 1/4­ finalynyň ilkinji oý­unlary 8-nji we 9-njy­ aprelde, jogap oýunl­ar — 15-nji we 16-njy­ aprelde geçiriler.