Çempionlar ligasynyň 1/8 finaly: «Bawariýa» we «Çelsi» çärýek finalda

Çempionlar ligasynyň 1/8 finaly: «Bawariýa» we «Çelsi» çärýek finalda

UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Londonyň «Çelsisi» «Stemford Brij» stadionynda Madridiň «Atletikosyny» 2:0 hasabynda ýeňdi.
Duşuşygyň 34-nji minudynda «Çelsiniň» ýarymgoragçysy Hakim Ziýeş hasaby açdy, goşmaça goşulan wagtda bolsa Emerson hasaby artdyrdy.
Klublaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk hem «Çelsiniň» peýdasyna tamamlanypdy (1:0). Ýeňiş pökgüsini klubuň hüjümçisi Oliwýe Žiru geçirdi.
Tomas Tuheliň ýolbaşçylygyndaky «Çelsi» ähli ýaryşlarda (Angliýanyň Premýer-ligasy, Angliýanyň kubogy, Çempionlar ligasy) bassyr 13 oýun bäri ýeňilmän gelýär. Bu yzygiderlik klubuň taryhynda baş tälimçiniň iň uzak ýeňilmezek başlangyjy boldy. Ondan öň, 2008-nji ýylda 12 oýunlap ýeňilmedik başlangyç Luis Felipe Skolarä degişlidir.

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ugurdaş duşuşygynda «Bawariýa» «Lasiony» kabul etdi. Duşuşyk Mýunheniň «Allianz Arena» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Rimdäki ilkinji duşuşykda nemes topary garşydaşyny 4:1 hasabynda ýeňipdi.
«Bawariýa» taryhda 19-njy gezek Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykyp, bu ýaryşda rekord goýdy. Öňki rekord «Barselona» degişlidi (18 gezek). Bu möwsümde «Barselona» «PSŽ-den» utulyp gaýtdy.
Şeýlelikde 2020/21 möwsümiň Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna gatnaşyjylaryň hemmesi kesgitlenildi. Olar — «Liwerpul», «Mançester Siti», «PSŽ», «Real», «Borussiýa D», «Portu», «Bawariýa» we «Çelsi».
Garşydaşlar 19-njy martda geçiriljek bije çekişlikde kesgitlener.
Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji oýunlary 6-njy we 7-nji aprelde, jogap duşuşyklar 13-nji we 14-nji aprelde geçiriler.