IFFHS: Buffon - soňky 33 ýylyň iň gowy derwezebany

  • 26.02.2021 00:55
  • 5.7k+

Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) 1987-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli iň gowy derwezebanlaryň sanawyny düzdi. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Reýting iň gowy derwezebanlaryň her ýylky reýtingleriniň jemine esaslanyp düzüldi.
IFFHS "Ýuwentusyň" derwezebany Janluiji Buffony soňky 33 ýylyň iň gowy derwezebany diýip ykrar etdi. 2006-njy ýyldaky Dünýä çempiony bäş gezek ýylyň iň gowy derwezebany boldy.
Ispaniýaly Iker Kasilýas (reýtingde ikinji orunda) we nemes Manuel Noýer (bäşinji ýer) hem şonça gezek ýylyň iň gowy oýunçysy diýen ada eýe boldy.
Iň gowy 10 derwezeban şu aşakdakylardan ybarat:
1. Janluiji Buffon, Italiýa;
2. Iker Kasilýas, Ispaniýa;
3. Pýotr Çeh, Çehiýa;
4. Edwin wan der Sar, Gollandiýa;
5. Manuel Noýer, Germaniýa;
6. Peter Şmeihel, Daniýa;
7. Oliwer Kan, Germaniýa;
8. Hose Luis Çilawert , Paragwaý;
9. Walter Zenga, Italiýa;
10. Andoni Zubizarreta, Ispaniýa.

düýn 22:55
3.3k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
3.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
10k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
3.5k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....