Ronaldu 36 ýaşady! Oňa öňde ýene nähili rekordlar garaşýar?

  • 06.02.2021 18:01
  • 11k+

Kriştianu Ronaldu 5-nji fewralda 36 ýaşyny belläp geçdi. Statistiki maglumatlaryň görkezişi ýaly, portugaliýaly hüjümçi ýyl geçdigiçe has güýçlenýär we yzly-yzyna rekordlary täzeleýär. “Ýuwentusyň” hüjümçisine karýerasyny tamamlamaga entek ir. Muny futbolçynyň özi hem, onuň bilen şertnamany 2023-nji ýyla çenli uzaltmak isleýän kluby hem bilýär. Şunuň bilen baglylykda, matchtv.ru portugaliýaly ýyldyza öňde garaşýan rekordlar barada gürrüň berdi.

Iň köp titully futbolçy bolmak
Häzirki wagtda dünýäniň iň köp titully oýunçysy braziliýaly goragçy Dani Alwes (42 kubok) hasaplanylýar. Kriştianu bu sanawda bary-ýogy dokuzynjy orunda durýar we ony "Barselonanyň" öňki ýarymgoragçysy Hawi (hersinde 33 kubok) bilen paýlaşýar. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda portugaliýaly hüjümçi "Ýuwentusa" Italiýanyň Super kubogyny almaga kömek etdi. Bu reýtingde birinji setire çykmak aňsat bolmaz, muňa garamazdan, 36 kubokly Messiniň (şol sanda Raýan Giggsiň) yzyndan ýetmäge mümkinçilik bar.

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda iň köp ýeňiji bolmak
UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ýeňişleriniň sany boýunça häzirki rekordçy Madridiň "Realynyň" öňki hüjümçisi Pako Hento (6 kubok) hasaplanylýar. Häzirki wagtda Çempionlar ligasynda Kriştianunyň bäş ýeňşi bar. Hüjümçi olaryň birini "Mançester Ýunaýted" bilen, dördüsini bolsa Madridiň "Realy" bilen gazandy. Diýmek, ispaniýaly Pakonyň rekordyny täzelemek onuň üçin beýle bir müşgil bolmaz.

Üç klub bilen Çempionlar ligasynda ýeňiji bolmak
Çempionlar ligasynda üç dürli klub bilen ýeňiş gazanmagy häzire çenli diňe Klarens Zeedorf we Samuel Eto'o başardy. Gollandiýaly Zeedorf ÇL-de "Aýaks", Madridiň "Realy" we "Milan" bilen ýeňiji boldy. Kamerunly Samuel Eto'o muny Madridiň "Realy", "Barselona" we "Inter" bilen gazandy. Ronaldu bolsa ÇL-de "Mançester Ýunaýted" we "Real" bilen ýeňiji boldy. Portugaliýaly hüjümçi "Ýuwentus" bilen hem bu kubogy alsa, ol hem beýlekiler bilen deňleşer. Bulardan öňe geçmek üçin ol ýene bir kluba gitmeli we taryhy täzeden ýazmaly bolar.

Milli ýygyndy üçin iň köp gol geçirmek boýunça dünýä rekordyny täzelemek
Bu babatda Ronaldu eýranly futbolçy Ali Daeýden ýedi pökgi yzda barýar: 109-a garşy 102 pökgi. Portugaliýaly hüjümçä bu ugurda dünýä rekordyny täzelemäge heniz mümkinçilik bar.

Ýewropa çempionatynyň taryhynda iň köp gol salan oýunçy bolmak
Kriştianu Ronaldu dört Ýewropa çempionatynda dokuz goly öz adyna ýazdyrdy. Ýagny ol Ýewro-2004-de iki gol, Ýewro-2008-de bir gol we 2012-nji we 2016-njy ýyllaryň hersinde üç goldan geçirdi. Häzir portugaliýaly hüjümçi Ýewronyň final tapgyryndaky gollarynyň sany boýunça birinji ýeri Mişel Platini bilen paýlaşýar. Ronaldu, bolmanda, bir pökgi geçirmegi başarsa, sanawda ýeke-täk lider bolar.

APL-de, La Ligada we A Seriýada “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp bolmak
Portugaliýaly hüjümçi Angliýanyň premýer-ligasynda bir gezek “Altyn aýakgaba” mynasyp boldy we üç gezek La Liganyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy boldy. “Ýuwentusyň" düzümine goşulandan soň, Kriştianunyň görkezijileri peseldi: ol A Seriýada 31 oýunda 21 gol geçirdi. Ýöne eýýäm 2019/2020 möwsüminde Ronaldu golçularyň ýaryşynda ýeňiş gazanmaga golaýlapdy, emma Immobile bäş pökgi artyk geçirmegi başardy. Häzir Kriştianu bu sanawda bir gol aratapawut bilen Lukakudan öňde barýar. Portugaliýaly hüjümçi A Seriýada iň köp pökgi geçirmegi başarsa, Angliýanyň Premýer-ligasynda, La Ligada we A Seriýada iň köp pökgi geçiren oýunçy bolar.

UEFA-nyň Çempionlar ligasyndaky oýunlarynyň sany boýunça 1-nji ýere çykmak
Häzirki wagtda Çempionlar ligasynda iň köp oýun geçiren futbolçy Iker Kasilýas (177 oýun) hasaplanýar. Ýene üç oýun geçirse, Ronaldu onuň yzyndan ýeter.

A Seriýasynda bir möwsümde iň köp pökgi geçirmek
1928/1929-njy ýylda Jino Rossetti ("Torino" bilen), 2015/16-njy ýylda Gonzalo Higuain ("Napoli" bilen) A Seriýada bir möwsümde 36 pökgi geçirdi. Ronaldu geçen iki möwsümde degişlilikde 21 we 31 pökgi geçiren bolsa, häzir her oýunda bir gol urýar diýen ýaly. Häzir onuň Italiýanyň çempionatynda geçirilen 16 oýunda 15 goly bar. Birneme tijense, ol bu rekordy hem täzeläp biler.

"Ýuwentusda" bir möwsümde iň köp pökgi geçirmek
Häzir bu rekord Ferens Hirzere degişli. Ol 1925/1926 möwsüminde italýan çempionatynyň derwezebanlaryny 35 gezek "gynandyrdy".

A Seriýada gol geçiren iň uly ýaşly oýunçy bolmak
Häzir bu üstünlik dowam edýän möwsümde yzly-yzyna gol geçirýän Zlatan Ibrahimowiçe degişli. Eger-de şu möwsüm şwesiýaly hüjümçi üçin A Seriýadaky soňky möwsüm bolsa, onda Ronaldu bu üstünligi 2023/2024 möwsüminden soň täzeläp biler.

şu gün 10:53
302

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

düýn 07:51
3.7k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....