Lionel Messi Ispaniýanyň Kubogynda klubuň rekordyny täzeledi

  • 29.01.2021 22:31
  • 9.9k+

"Barselonanyň" hüjümçisi we kapitany Lionel Messi Ispaniýanyň Kubogynyň 1/8 finalynda "Raýo Walýekano" bilen bolan duşuşykda esasy düzümde meýdança çykyp, klubuň rekordyny täzeledi. Bu barada championat.com habar berdi.

Gök-narynçlaryň metbugat gullugynyň twitterdäki habaryna görä, bu duşuşyk argentinaly hüjümçiniň ýurduň kubogyndaky 76-njy oýny boldy. Şeýlelikde, Messi "Barselonanyň" ozalky hüjümçisi Hosep Samitýeriň kubokdaky 75 oýunlyk rekordyny täzelemegi başardy. Ispaniýanyň kubogynda gök-narynçlaryň düzüminde geçiren duşuşyklarynyň sany boýunça öňki ýarymgoragçy Andres Iniesta (73), öňki hüjümçi Wisent Pýer (71) we öňki ýarymgoragçy Xavi (70) ilkinjileriň hatarynda ýerleşýär.
Messiniň katalon kluby bilen häzirki şertnamasy 2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýar. Argentinaly hüjümçi tomusky dynç alyş möwsüminde katalon klubundan gitmek isleýändigini aýtdy. Ýöne taraplar şertnamanyň ýatyrylmagy barada ylalaşyp bilmediler. Häzirki wagtda "Mançester Siti" we "Pari Sen-Žermen" oýunçy üçin esasy dalaşgärler hasaplanýar.

düýn 17:54
6.6k+

46 ýaşly Pakýao ringe gaýdyp gelýär. WBC tituly üçin söweş 20-nji iýulda bolar

Alty agram derejesinde öňki dünýä çempiony Menni Pakýao ýakyn wagtda ringe gaýdyp geler. 20-nji iýulda Las-Wegasda (ABŞ) boks agşamy geçiriler we onda 46 ýaşly filippinli boksçy ýarym orta agramda (66,7 kg çenli) WBC titulynyň eýesi, amerika-meksikaly Mario Barrios bilen duşuşar...

düýn 17:27
5.1k+

Zlatan Ibragimowiç EA Sports FC 26-nyň ýüzi boldy

Şwesiýaly futbolçy Zlatan Ibragimowiç EA Sports FC 26 futbol simulýatorynyň mahabat kampaniýasynyň esasy gahrymany boldy. Onuň suraty oýnuň treýleriniň we ultimatiw nusgasynyň (bonuslar bilen oýnuň giňeldilen görnüşi) daşynda peýda boldy...

düýn 12:11
4k+

39 ýaşly Luka Modriç resmi taýdan “Milanyň” oýunçysy boldy

Horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç resmi taýdan “Milanyň” oýunçysy boldy. 14-nji iýulda ol lukmançylyk barlagyndan geçip, italýan kluby bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy. Şertnamada ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar...

düýn 10:24
6.9k+

Klublaýyn dünýä çempionatynda klublaryň näçe gazanandygy belli boldy

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň jemi boýunça ýaryşyň ýeňijisi bolan Angliýanyň “Çelsisi” 114,6 mln dollar gazandy. Bu barada Swiss Ramble habar berýär. Topar finalda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparyny 3:0 hasabynda utdy...