New York Game Awards 2020-nji ýylyň iň gowy oýnuny yglan etdi

  • 28.01.2021 07:20
  • 4.8k+

27-nji ýanwarda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen New York Game Awards baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Onda "Hades" oýny emin agzalarynyň karary bilen ýylyň oýny diýlip yglan edildi. Şeýle hem ol "Iň oňat ssenariýa", "Iň gowy saundtrek" we "Iň oňat indi-oýun" ugurlarynda hem ýeňiji boldy.

New York Game Awards boýunça "Ýylyň oýny" diýen ada dalaşgärleriň sanawy:
"Hades";
"Animal Crossing: New Horizons";
"The Last of Us Part II";
"Final Fantasy VII Remake";
"Doom Eternal";
" Yakuza: Like a Dragon".
"Hades" oýny Supergiant Games topary tarapyndan işlenip düzülen oýun bolup, ol kompýuterde we Nintendo Switch-de elýeterlidir.

şu gün 12:18
88

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

şu gün 12:06
242

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

şu gün 12:02
202

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...

şu gün 12:00
331

Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar

Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar...