Paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli aşgabatly 140 maşgala täze jaý alar

  • 27.01.2021 11:41
  • 24k+

Şu ýyl 25-nji maýda belleniljek Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 140 hojalyk täze öýlerde jaý toýuny toýlar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyranda aýtdy. 

Munuň şol maşgalalar üçin hakyky toý sowgady boljakdygyny nygtap, Prezident wise-premýer Ş.Durdylyýewe degişli görkezmeleri berdi.
Iş saparynyň çäklerinde şeýle hem döwlet Baştutany Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurluşygy ýaýbaňlandyrylan 3 we 4 otagly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlaryny synlady. Şolarda ýaşaýjylar üçin hemme zerur bolan durmuş üpjünçiligi döredilmelidir diýip türkmen Lideri aýtdy. 

şu gün 19:32
513

Netflix Teýmirleňiň ömri baradaky filmiň tizerini çykardy

Dünýäniň iň uly striming platformasy bolan Netflix Emir Teýmiriň durmuşyna bagyşlanan täze filminiň tizerini tanyşdyrdy. Kino «Teýmirleň: Iň soňky basybalyjynyň beýgelişi» («Тамерлан: Восхождение последнего завоевателя») diýlip atlandyryldy...

şu gün 18:39
1k+

Hindistandaky uniwersitet kampusy gadymy guýularyň äheňinde gurulýar

Sanjay Puri Architects studiýasy Hindistanyň Madhýa-Pradeş ştatyndaky Prestige University üçin okuw binasynyň taslamasyny hödürledi. 30 800 inedördül metr meýdany tutýan bäş gatly bina diagonal boýunça ýokary galyp, meýdançanyň demirgazyk böleginde 28 metr beýiklige ýeter...

şu gün 17:17
381

Dünýäniň sungat bazary iki ýyllyk pese gaçyşdan soň ýene-de ösüş görkezdi

Art Basel we UBS tarapyndan hödürlenen täze hasabata görä, 2025-nji ýylda dünýäde sungat predmetleriniň satuw möçberi 4% ýokarlanyp, 59,6 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa satuwlaryň iki ýyllap pese gaçmagyndan soň, bazaryň aram ýagdaýda dikelendiginiň alamatydyr...

şu gün 17:00
2.2k+

Türkmen raýatlary üçin “ASAN Visa” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Azerbaýjan Respublikasyna syýahat etmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin elektron wiza almak işini ýeňilleşdirmek maksady bilen «ASAN Visa» portalynyň türkmen dilindäki wersiýasy işe girizildi. Bu başlangyç...