"Warner Bros." 2021-nji ýylda hödürlejek filmlerini tanyşdyrdy

  • 20.01.2021 20:01
  • 9k+

"Warner Bros." film studiýasy 2021-nji ýylda görkezilmegine garaşylýan 17 filminden alnan kadrlardan ybarat wideoroligi “YouTube” kanalynda ýerleşdirdi. Bu barada ria.ru habar berdi.

Ýakynda çykjak meşhur filmleriň arasynda Deni Wilnýowyň "Dune" filmi, Jeýms Gannyň "The Suicide Squad" filmi, Lana Waçowskiniň "Matrix 4", Klint Istwudyň "Cry Macho" filmleri, şeýle hem "Tom and Jerri", "Godzilla vs. Kong" we beýleki taslamalar bar.
Bu filmleriň hemmesi ABŞ-da bir wagtyň özünde teatrlarda we HBO Max striming hyzmatynda görkeziler. Bu wagtlaýyn çäre (2021-nji ýyl üçin) soňrakky premýeralara degişli bolmaz.
"Godzilla vs. Kong" premýerasy käbir ýurtlarda maý aýynda, "The Suicide Squad" - awgustda, "Dune" - sentýabrda, "Matrix 4" - dekabrda  görkeziler diýlip habar berilýär.

düýn 13:07
3k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....