В минздраве прошла встреча с главой Центра вирусологии Университетской клиники Эссена

  • 20.01.2021 08:02
  • 13k+

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Essen uniwersitet klinikasynyň (Germaniýa) Infeksiologiýa Ylmy-barlag merkeziniň müdiri professor, doktor A.Krawçik bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Ýurdumyzyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, “Türkmendermansenagat” Birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Çykyşlaryň barşynda buýan köküniň hem-de onuň düzümindäki glisirrizin turşusynyň keselleri bejermekdäki aýratynlyklary dogrusynda pikir alşyldy.
Mälim bolşy ýaly, bu serişdäniň netijeliligi türkmen hem-de daşary ýurt alymlary tarapyndan golaýda geçirilen barlaglar arkaly tassyklanandyr.
Täze koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, tutuş dünýäde wirusa garşy göreşmäge ukyply bolan ýörite serişdeleriň ýüze çykarylmagyna hem-de işlenilip taýýarlanylmagyna gönükdirilen ylmy-barlag işleri has hem işjeňleşdirildi.
Şu nukdaýnazardan, alymlaryň degişli ylmy barlaglary buýandan edilen dermanlyk serişdeleriniň, şeýle hem onuň düzüminiň ähmiýetli bölegini düzýän glisirrizin turşusynyň bejeriş-öňüni alyş babatyndaky görnetin täsirini tassyklaýandyr.

20.06.2026 12:08
7.3k+

Новое лекарство от потери волос помогло 80% участников исследования

Человечеству известно множество причин выпадения волос, однако эффективных средств борьбы с этим процессом по-прежнему крайне мало. В ходе новых клинических испытаний экспериментальный препарат в виде таблеток......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....

09.06.2026 23:14
7.7k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.3k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......