Messi iki oýundan çetleşdirildi

  • 19.01.2021 23:02
  • 12k+

“Barselonanyň” hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda garşydaşyny urandygy üçin iki oýundan çetleşdirildi diýip, Sport.es habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Sişenbe güni Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň ýaryşlar boýunça komiteti oýunçyny iki oýundan çetleşdirmek kararyna geldi. Ýatlap geçsek, oýnuň ahyrynda Messi “Atletik-iň” hüjümçisi Asýer Wilýalibreniň kellesinden urdy. Netijede, ol karýerasynda ilkinji gyzyl duýduryşyny aldy.
Diskwalifikasiýa sebäpli Messi “Barselonanyň” iki çykyş oýnuny — Ispaniýanyň Kubogynyň “Kornelýa” garşy duşuşygyny (21-nji ýanwar), şeýle-de Premýeranyň “Elçe” bilen duşuşygyny (24-nji ýanwar) goýberer.
Messi 31-nji ýanwarda boljak bilbaoly topara garşy duşuşykda meýdança dolanar.
“Barselona” toparyň kapitany we hüjümçisi Lionel Messiniň diskwalifikasiýa edilendigi üçin şikaýat bilen ýüz tutar.

düýn 23:43
1.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
4.8k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
9.4k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.8k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......