2020-nji ýylda bahasy has gymmatlan futbolçylar belli edildi

  • 04.01.2021 09:25
  • 14k+

Transfermarkt portaly 2020-nji ýylda has gymmatlan futbolçylaryň adyny belli etdi. Bu barada sovsport.ru habar berýär.

Dortmundyň “Borussiýasynyň” hüjümçisi Erling Holand sanawda birinji orny eýeledi. Onuň bahasy 55-den 100 million ýewro çenli ýokarlandy. Ikinji orunda “Bawariýanyň” goragçysy Alfonso Dewis ýerleşdi. Kanadaly oýunçy 25 mln ýewro bilen bahalandyrylýardy. Häzir onuň bahasy 80 mln ýewro.
Bu sanawda üçünji orny “Barselonanyň” hüjümçisi Ansu Fati eýeledi. Onuň bahasy 40-dan 80 million ýewro çenli ýokarlandy.
2020-nji ýylyň noýabr aýynda Holand Golden Boy-2020 baýragynyň çäginde Ýewropanyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy.
Holand “Borussiýa” üçin 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda ilkinji gezek oýnady. Onuň hasabynda nemes kluby üçin 21 oýunda 19 goly bar. Ol Norwegiýanyň “Brýune” futbol klubynyň ýetişdiren oýunçysy. Ýurduň ýygyndy toparynyň düzüminde Holand ýedi oýna gatnaşyp, alty gol girizdi.

şu gün 01:00
411

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

düýn 19:42
759

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

düýn 17:01
5.5k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
5.7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....