Ýaponiýada adamy barmakdaky gan damarlaryndan tanap bilýän enjam döredildi

  • 24.12.2020 22:39
  • 8.2k+

Ýaponiýanyň Hitachi kompaniýasy adamy barmaklaryndaky gan damarlarynyň çyzgysyndan tanap bilýän enjamy tanyşdyrdy. Bu barada NHK portalyna salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berýär.

Işläp düzüjileriň pikiriçe, skaner edilenden soň maglumatlar bulut hasaplaýyş hyzmaty arkaly ulanyjynyň kredit kartoçkasynyň maglumatlary bilen baglanyşýar, şonuň netijesinde ähli satyn alyşlary gapjyksyz ýa-da smartfonsyz amala aşyryp bolýar.
Işläp düzüjiler gan damarlarynyň çyzgysyny galplaşdyrmagyň barmak yzlaryny galplaşdyrmakdan has kyndygyny, sebäbi olaryň bedeniň içinde ýerleşýändigini belleýärler.
Bu täze usuly işläp düzen kompaniýa tehnologiýany müşderileri hasaba almakda ulanmak üçin myhmanhanalara teklip edýär.
Şol bir wagtyň özünde, Hitachi adamy tanamak pudagynda täze çözgütleri hödürleýän ýeke-täk kompaniýa däl. Hususan-da, Normee ýapon startapy adamyň ýüzüni çyzyklar we aýasyndaky gan damarlarynyň formasy boýunça tanamaga mümkinçilik berýän ulgam döretdi.
Kompaniýanyň gözleg we işläp taýýarlaýyş toparynyň başlygy ulgamyň köp ýerlerde ulanylyp bilinjekdigini, sebäbi oňa işlemek üçin ýörite enjamlaryň zerur däldigini aýtdy.

düýn 15:08
1.9k+

Adamyň ýüz hereketlerini gaýtalaýan robot döredildi

Täze robot söhbetdeşiniň ýüz keşbiniň nähili boljakdygyny öňünden duýýar we 11 dilde dodak hereketlerini gaýtalaýar. Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary robotlara adamyň başdan geçirip duran ýagdaýyndaky dodak we ýüz hereketlerini sinhronlaşdyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýany hödürlediler...

16.01.2026 15:42
2.1k+

Hytaýly inženerler kagyz galyňlygyndaky Gün batareýasyny döretdiler

Hytaýdaky Suçžou uniwersitetiniň alymlary galyňlygy kagyza deň bolan çeýe Gün batareýasyny döretdiler. Batareýa köp gatlakly gurluşa esaslanýar we TASS-yň Hytaýyň Merkezi Telewideniýesine salgylanyp berýän habaryna görä, özünde kristal kremniýniň we perowskitiň örän inçe gatlaklaryny birleşdirýär...

16.01.2026 15:07
2.2k+

Koreýaly alymlar aýna ýaly agaçdan penjire ýasadylar. Ol ultramelewşe şöhleleri saklaýar we ýagtylygy kadalaşdyrýar

Günorta Koreýanyň Hanbat Milli uniwersitetiniň we Konju Milli uniwersitetiniň ylmy işgärleri elektrik toguna birikdirilmezden ýagtylyk derejesini özbaşdak kadalaşdyrmaga we  ultramelewşe şöhlelerinden goramaga ukyply akylly penjire döretdiler...

14.01.2026 10:51
2.7k+

Akylly pyçaklar we «janly» suratlar: CES 2026-da tehnologiýa innowasiýalary

Geçen hepde Las-Wegasda CES 2026 halkara sarp ediş elektronika sergisi tamamlandy. Şu ýyl çäre 150 müň töweregi myhmany we öz soňky önümlerini hödürlän dört müňden gowrak tehnologiýa kompaniýasynyň wekillerini özüne çekdi...