HOK-nyň ýolbaşçysy: sport adamlaryň janyny halas edip biler

  • 23.11.2020 22:58
  • 2.8k+

Sport ýaşaýşy halas etmäge ukyply, koronawirus pandemiýasy döwründe sportuň saglyk üçin nähili möhümdigi aýdyň boldy diýen pikiri Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) başlygy Tomas Bah “Ýigrimiligiň topary” (G20) ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň sammitinde aýtdy, onuň teswirlerini HOK-nyň metbugat gullugy getirýär diýip, TASS habar berýär.

“Sport ýaşaýşy halas edip biler. Koronawirus çökgünliginde biz sportuň fiziki hem-de psihiki saglyk üçin nähili derejede möhümdigine göz ýetirdik. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) HOK bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekip, muny ykrar etdi. Bu şertnama laýyklykda, BMG, BSGG we HOK halkara derejesinde taslamalary öňe sürmek üçin “Bilelikde sagdyn” ady bilen bilelikdäki kampaniýany başlady, şeýle-de biz bütindünýä sanjym kampaniýasyna goşant goşmaga taýýarlyk görýäris” – diýip, Bah aýtdy.

“Biz bu çökgünlikden möhüm sapak aldyk: bize raýdaşlyk gerek. Jemgyýetleriň içinde we jemgyýetleriň arasynda raýdaşlyk möhüm. Tiz wagtdan Tokioda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynda biz raýdaşlygyň görkezilişini belläris. 206 milli olimpiýa komitetiniň we olimpiýa bosgunlar toparynyň gatnaşmagynda geçiriljek bu Olimpiýa oýunlary biziň dürli-dürlüligimizde raýdaşlygyň, çydamlylygyň we adamzadyň jebisliginiň uly güýjüni görkezer” – diýip, HOK-nyň ýolbaşçysy sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, Bah sammite gatnaşyjylary Olimpiýa oýunlarynyň we HOK-nyň syýasy bitaraplygyny goldamaga çagyrdy: “Men Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny diskriminasiýa bolmazdan global raýdaşlygyň beýik nyşanyna öwürmäge mümkinçilik berýän syýasy bitaraplygy goldamagyňyzy haýyş edýärin”.
Tokioda Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgust aralygynda, Paralimpiýa oýunlary 25-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda geçiriler.

şu gün 14:53
5.2k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

şu gün 13:51
6.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 23:43
7.3k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
8.2k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....