Beýik Britaniýada “kowid pasportlary” girizilip bilner

  • 22.11.2020 23:01
  • 9.7k+

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri “kowid pasportlaryny” girizmek mümkinçiligini öwrenýärler. “The Sunday Times” neşiriniň ýazmagyna görä, täze resminamany koronawirusa garşy sanjym edilenlere bermek göz öňünde tutulýar. Resminamany alanlar köp sanly çäklendirmeleriň hereket edýän ýagdaýynda ýurtda arkaýyn hereket edip bilýärler. Bu barada rg.ru belläp geçýär.

Şeýle pikir ozalky Saglygy goraýyş ministri Jeremi Hant tarapyndan teklip edildi. Onuň pikiriçe, Birleşen Korollyk sanjymdan we tutuş ilat her aý barlagdan geçirilenden soň, kadaly durmuşa dolanyp biler. Sanjym hem-de koronawirus üçin otrisatel barlag adamlara öňki erkinlige eýe bolmaga, çäklendirmeleri, komendant sagadyny berjaý etmezlige mümkinçilik berer.
Gazetiň berýän maglumatlaryna görä, şeýle pasportlary girizmek meselesine premýer ministr Boris Jonson tarapyndan duşenbe güni mejlisde seredilip bilner. Şeýle-de, Boris Jonsonyň 2-nji dekabrdan ýurtda milli karantiniň gutarjakdygyny we ýerli çäklendirmelere gaýdyp gelinjekdigini habar bermegine garaşylýar.
Roždestwony bellemek üçin raýatlara kiçiräk topar bolup ýygnanmaga rugsat berler, ýöne soň berk çäklendirmeler gaýtadan güýje girer. Bu çäklendirmeler ýazyň başyna çenli hereket eder.
Ýekşenbe günündäki ýagdaý boýunça, ýurtda koronawirusdan jemi 54,6 müňden gowrak adam ýogaldy, bu Ýewropada iň uly görkeziji bolup durýar. Beýik Britaniýada kesellänleriň sany 1,49 milliona barabar.

düýn 17:33
2.4k+

Jons Hopkins uniwersitetiniň emeli aňy ýüregiň birden durmak howpuny 93%-e çenli takyklyk bilen anyklaýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň alymlary ýüregiň birden durmak howpuna degişli alamatlary ýokary takyklyk bilen ýüze çykarýan emeli aň algoritmini işläp düzdüler. Model hassalaryň doly lukmançylyk maglumatlaryny, şol sanda öňki ýürek MRT (magnit-rezonans tomografiýa) barlaglaryny hem seljerýär we ölüm howpuny ýokarlandyrýan dokumanyň, ýagny fibrozanyň bardygyny-ýokdugyny kesgitleýär...

düýn 10:34
2.3k+

Astrahanda hroniki ýaralary, başlary we ýanyklary bitirmek üçin täze gel döredildi

Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy barlagçylary hroniki ýaralaryň bitmegini tizleşdirýän geli döretdi. Täze serişde zeper ýeten ýerlerde ganyň aýlanmagyny gowulandyrmak arkaly täsir edýär. Bu bolsa bitmeýän ýaralary, ýanyklary we ýatmakdan hamyň ölen ýerlerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir...

06.07.2025 20:51
13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine we Aşgabadyň lukmançylyk edaralaryna iş saparyny amala aşyrdy

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Uçuşyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň derejesi bilen tanyşdy...

06.07.2025 20:34
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary boýunça maslahatlaryny berdi

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäginde gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýer B...