Nadalyň ATP reýtingindäki täze rekordy

  • 10.11.2020 17:58
  • 4.3k+

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal tennis hünärmenleri birleşiginiň (ATP) reýtinginiň ilkinji onlugynda geçirilen hepdeleriň sany boýunça rekord goýdy. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berdi.

Nadal 2005-nji ýylyň 25-nji aprelinden bäri, ýagny 790 hepde bäri sanawyň ilkinji onlugynda ýerleşýär. Ol bu görkeziji boýunça amerikaly Jimmi Konnorsyň (789) gazananlaryndan öňe geçdi. Üçünji orunda şweýsariýaly Rojer Federer (734) barýar.
ATP-niň 9-njy noýabrda täzelenen reýtinginde Nadal 9 850 bal bilen ikinji setirde ýerleşýär, reýtingiň başyny bolsa serbiýaly Nowak Jokowiç (11 830) çekýär.
Nadal ATP-niň ýaryşlarynda 86 gezek ýeňiji boldy. Şeýle hem, 34 ýaşly oýunçy “Uly tuwulga” ýaryşlaryndaky ýeňişleriň sany boýunça birinji orny Federer bilen paýlaşýar (20).

şu gün 08:32
1.8k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

şu gün 07:49
2.1k+

Türkmenistanda ralli-reýd boýunça çempionatyň netijeleri jemlendi

27-28-nji iýun aralygynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Umumy uzynlygy 358 kilometre barabar bolan iki günlük ýaryş Garagum çölüniň iň......

düýn 21:55
4.6k+

Maýsa Pardaýewa Sindaodaky dzýudo boýunça Gran-pride ilkinji altyn medalyny gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 28-nji iýunda Hytaýyň Sindao şäherinde tamamlanan dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda uly ýeňiş gazandy. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş eden 21 ýaşly türgen ähli güýçli......

düýn 21:49
1.6k+

Amerikaly suwda ýüzüji Wolş 9 gün öň goýlan dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Gretçen Wolş Rimde geçirilen ýaryşlarda 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....