Aşgabatdaky 9 sany köp gatly awtoduralga we guşçulyk toplumy hususylaşdyrylar

  • 30.10.2020 22:29
  • 11k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Aşgabat şäher häkimliginiň 9 sany köp gatly awtoduralgasyny we Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumyny olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak maksady bilen, «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.

şu gün 15:39
207

Müň aýdan hem haýyrly gije – Gadyr gijesi

Gadyr gijesi şu ýyl 16-njy marta geçilýän gijä gabat gelýär. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu gije diňe bir Remezan aýynyň däl, eýsem, ýylyň hem iň ähmiýetli gijeleriniň biri hökmünde görülýär. Kurany-kerimde: “Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr” diýilmegi, bu gijäniň gadyr-mertebesiniň uludygyny görkezýär...

şu gün 15:24
320

Türkmen heýkeltaraşy Babasary Annamyradowyň we Abat Muhadowanyň şahsy kolleksiýasy görkezildi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň we onuň ýanýoldaşy, sungaty öwreniji Abat Muhadowanyň maşgala kolleksiýasyndan ybarat sungat eserleriniň sergisi geçirildi...

şu gün 15:03
650

Efiopiýada Lýusi bilen döwürdeş 600 kg agramly äpet krokodil tapyldy

Paleontologlar mundan 3 million ýyl ozal Gündogar Afrikada ýaşan we gadymy adamlary awlan bolmagy juda ähtimal äpet krokodiliň täze görnüşini anykladylar. Bu görnüşe «Lýusiniň awçysy» diýen manyny berýän Crocodylus lucivenator diýlip at berildi...

şu gün 12:47
2.3k+

Gazagystanly mugallym iki barmakda asylyp durmak boýunça rekord goýdy

Gazagystanyň Petropawlowsk şäherinden bedenterbiýe mugallymy Anatoliý Wiselskiý diňe iki barmagynda 2 minut 7,45 sekunt asylyp durmak arkaly dünýä rekordyny täzeledi. Tengri Sport neşiriniň habar bermegine görä, bu ajaýyp netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi...