Xiaominiň täze önümi: Dünýäde iň çalt simsiz zarýad beriji

  • 19.10.2020 19:06
  • 10k+

Xiaomi şu gün täze tehnologiýasynyň ýene birini – dünýäde iň çalt simsiz zarýad berijini resmi taýdan mälim etdi. Onuň kuwwaty 80 Wt barabar. Täze zarýad beriji gurluşa Snapdragon 875 prosessory bilen işleýän soňky Xiaomi smartfony – Mi11 eýe bolar. Bu barada www.ixbt.com habar berýär.

Bu tehnologiýanyň kömegi bilen 4000 mA/sag sygymly akkumulýator batareýi 19 minutyň içinde zarýad alar. 50 göterim zarýada ýetmek üçin bolsa bary-ýogy 8 minut ýeterlik bolar.
Mundan öň kompaniýa 40 Wt kuwwatly simsiz zarýad berijini mart aýynda tanyşdyrypdy. 50 Wt kuwwatly iň çalt simsiz zarýad beriji bolsa şu ýylyň awgustynda satuwa goýberilen Xiaomi Mi 10 Ultra smartfonuna ornaşdyrylypdy.
Häzirki wagtda kompaniýanyň indiki ýylda hödürlenjek 100 Wt kuwwatly çalt zarýad beriji tehnologiýanyň üstünde işleýändigi habar berildi.

şu gün 18:51
1.7k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.5k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.3k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....