Serdar Azmun Aziýanyň iň gymmat futbolçylarynyň 5-liginde

  • 13.10.2020 17:04
  • 18k+

Transfermarkt portaly Aziýnyň futbol konfederasiýasynyň (AFC) iň gymmat oýunçylarynyň onlugyny düzdi. Sanawda birinji ýerde «Tottenhemiň» hüjümçisi Son Hyn-Min (transfer bahasy 64 million ýewro), ikinji ýerde «Wilýarealdan» Takefusa Kubo (transfer bahasy 30 million ýewro), üçünji ýerde bolsa, «Walensiýadan» Kang-In Li (20 million ýewro) durýar.
Şeýle hem Top-10-lyga Russiýanyň çempionatyndan — «Zenitiň» we Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi, türkmen gelip çykyşly Serdar Azmun girdi. Ol 18 million ýewro transfer bahasy bilen sanawda 5-nji orny eýeledi.

şu gün 15:10
526

Tanap çekişmek boýunça dünýä çempionatyna müňden gowrak türgen gatnaşdy

Taýwanyň Taýbeý şäherindäki «Taipei Arena» meýdançasynda tanap çekişmek boýunça binalaryň içinde geçirilýän dünýä çempionaty tamamlandy. Oňa müňden gowrak türgen gatnaşdy. Bu Taýwanyň tanap çekişmek sporty boýunça halkara ýaryşlary ilkinji kabul edişidir...

şu gün 12:06
1.9k+

Laporta saýlawlarda ýeňiş gazanyp, üçünji gezek «Barselonanyň» prezidenti wezipesine saýlandy

​Žoan Laporta «Barselona» klubunyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, geljek bäş ýylyň dowamynda — 2031-nji ýyla çenli kluba ýolbaşçylyk etmegini dowam eder. ​Futbol işewüri özüniň ýeke-täk bäsdeşi bolan telekeçi Wiktor Fontdan öňe saýlandy...

şu gün 12:00
696

Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça toparlaýyn çempionat geçiriler

22 — 28-nji mart aralygynda Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça ýurduň toparlaýyn çempionaty geçiriler. Bu ýaryş milli küşt hereketini ösdürmegiň täze tapgyry bolar we oňa ýurduň dürli sebitlerinden gelen toparlar gatnaşar...

düýn 20:14
8.4k+

Messi Ýamala garşy oýnamaz: Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» duşuşygy ýatyrylýar

Ýewropanyň häzirki çempiony Ispaniýa bilen Günorta Amerika kubogynyň ýeňijisi Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» tituly ugrundaky futbol duşuşygy ýatyryldy. Bu barada El Chiringuito neşiri habar berýär. Aslynda, duşuşygy 27-nji martda Kataryň «Lusaýyl» stadionynda geçirmek meýilleşdirilipdi...