Türkmenistan 25 ýylda «John Deere-den» 8 müňe golaýy tehnika aldy

  • 09.09.2020 14:53
  • 13k+

Bütin dünýäde meşhur bolan «John Deere» amerikan tehnikasy 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri içerki bazarda uly islegden peýdalanýar. Hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyza bu kysymly dürli oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň 8 müňe golaýy getirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, satyn alnan täze tehnikalaryň 600-si iki tapgyrda ýurdumyza gelip gowuşdy. Geçen ýyl pagta ýygýan kombaýnlaryň 300-si getirilip, olar bellenen tertipde welaýatlara paýlanyldy. Şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagynyň öňüsyrasynda bolsa, ýokarda agzalan maşynlaryň 300-si gelip gowuşdy.
Şolaryň hatarynda ekin ekijiler hem-de dolandyrmagyň telematik sanly elektron ulgamy bilen üpjün edilen traktorlar bar. Olar ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda özlerini gowy tarapdan görkezdi. Hususan-da, öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de telematikanyň kömegi bilen obasenagat toplumynda işleriň ýerine ýetirilmegi topragy has takyk usul arkaly bejermäge mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana getirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň ählisiniň hökmany suratda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi bilen bagly deslapky synaglardan geçirilýändigini bellemelidiris.

şu gün 09:02
114

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

düýn 15:48
4.3k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......