Koronawirusyň gelip çykyşy bilen bagly täze maglumatlar

  • 18.08.2020 13:34
  • 22k+

COVID-19 eýýäm 2012-nji ýylda hem adam bedenine uýgunlaşyp bilýän eken. Bu barada wirusolog Jonatan Latem bilen biolog Ellison Wilson "Independent Science News"-da ýazdylar diýip, rbc.ru habar berýär.

Alymlar Hytaýyň Ýunnan welaýatyndan bolan magdançylary bejeren lukman Li Sýunyň dissertasiýasyny tapdylar. Olar iki hepdeläp şahtany ýarganatlaryň nejasatlaryndan arassalapdyrlar. Şondan soň hem olarda pnewmoniýa, gury üsgülewük, el -aýak agyrylary we ýokary gyzdyrma ýaly, COVID-19-a mahsus alamatlar ýüze çykyp başlapdyr. Näsaglaryň öýkeniniň howasyny çalyşmaly bolupdyr. Alty işçiniň üçüsi ýogalypdyr.
Soňra magdançylaryň analizleri Wuhan şäherindäki laboratoriýa iberilýär we olara SARS-a meňzeş koronawirusyň ýokuşandygy anyklanylýar. Şeýlelik bilen, barlagçylaryň belleýşi ýaly, COVID-19-yň eýýäm şol döwürde adam bedenine uýgunlaşandygyna ynanmaga esas bar.

Makalada: "Dissertasiýadaky subutnamalar bizi COVID-19-yň gelip çykyşy baradaky ähli bilýänlerimizi täzeden gözden geçirmäge mejbur etdi" - diýilýär. Latem we Wilson koronawirusyň Wuhan laboratoriýasyndan bir säw bilen "sypyp", "adama ýokary derejede uýgunlaşan adaty bolmadyk patogen koronawirus" SARS CoV-2 görnüşine özgerendir, nusgalar bolsa geçen ýyl laboratoriýanyň çäklerinden "çykyp", pandemiýa öwrülendir diýip çak edýärler.

Hytaý häkimiýetleriniň resmi maglumatlaryna görä, COVID-19 geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda ýaýrap başlady. Wirusyň ýaýrama ojagy Wuhan bazary boldy.

25.06.2026 12:37
7k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....