Hünärmenler telefonyň ekranyny aşak bakdyryp goýmagy maslahat berýärler

  • 04.08.2020 09:02
  • 28k+

Telefonyň hyzmat ediş möhletini uzaltmak üçin onuň ekranyny aşak bakdyryp goýmaly. Şeýle edilende, smartfonlaryň käbir modellerinde öňe çykyp durýan kamera zaýalanmaýar, displeý bolsa kän gyzmaýar. Adatça täze telefony satyn alanda alyjy derrew ekrana gorag aýnasyny hem satyn alýar, şonuň üçin telefonyň ekranyny aşak bakdyryp goýmak howpsuzdyr – diýip, “Praým” agentligine G.W.Plehanow adyndaky RYU-nyň informatika kafedrasynyň dosenti Aleksandr Timofeýew gürrüň berdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

“Telefony ýüzüni aşak bakdyryp goýmak has göwnejaý, sebäbi ekran üçin goragyň birnäçe görnüşi oýlanyp tapyldy. Emma kameralar üçin bolsa artykmaç goraglar az. Telefonlaryň köpüsi öňe çykýan kamera bölegine eýe, bu hem obýektiwdaky linzalaryň sany bilen bagly” – diýip, hünärmen düşündirýär.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

22.04.2026 18:06
3.1k+

«Onlaýn hyzmatda» aprel täzelenmeleri: keşbek mümkinçiligi giňeldildi

Aprel aýy tamamlanyp barýar, diýmek, öý interneti (AŞTU, Türkmentelekom), ykjam aragatnaşyk (TmCell), IPTV, Älem TV, Belet hyzmatlarynyň töleg wagty ýetip geldi....

13.04.2026 17:59
4.4k+

«Gül Mebel» 30% arzanladyş yglan edýär

Öýüňiziň interýerini täzelemek isleýäňizmi? Onda siziň üçin gowy habar! «Gül Mebel» dükanynda 30% ARZANLADYŞ dowam edýär....

06.04.2026 11:49
17k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
13k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......