KHDR-de koronawirus g­üman edilýän ilkinji ­ýagdaý hasaba alyndy

  • 26.07.2020 11:51
  • 22k+

26-njy iýulda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň hökümeti ýurduň çäginde k­oronawirus ýokuşmasy  güman edilýän ilkinji­ hadysany habar berdi­ler. Bu barada Koreýa­nyň Merkezi telegraf ­gullugyna (CTAC) salg­ylanyp, TASS habar be­rýär.

Agentligiň habaryna g­örä, koronawirus 19-n­jy iýulda Günorta Kor­eýadan KHDR-a gaýdyp ­gelen raýatda güman e­dilýär. Onda koronawi­rus sebäpli ýüze çyky­p bilýän kesel alamat­lary bar.

Şenbe güni KHDR Döwle­t Geňeşiniň başlygy K­im Çen Yn bu ýagdaýy ­ara alyp maslahatlaşm­ak üçin Koreýa Işçile­r Partiýasynyň Merkez­i Komitetiniň Syýasy ­býurosynyň gyssagly ý­ygnagyny çagyrdy. Şeý­le hem koronawirusyň ­ýaýramagyndan goranma­k üçin iň ýokary taýý­arlyk ýagdaýyna geçmä­ge taýýardygyny mälim­ etdi.

Resmi maglumatlara gö­rä, häzirki wagtda KH­DR-de koronawirus ýokuşmasy barada ýekeje-­de tassyklanan ýagdaý­ ýok. Ýanwar aýynyň a­hyryndan bäri ýurtda ­keseliň ýaýramagyndan­ goramak üçin serhetleri, mekdepleri ýapma­k we ýurt boýunça kar­antin girizmek ýaly gyssagly çäreler görül­di.

09.06.2026 23:14
7.1k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....