Özbegistanda Gurban baýramy karantiniň talaplaryna laýyklykda belleniler

  • 26.07.2020 04:25
  • 20k+

Özbek lideri Şawkat Mirziýoýew Gurban baýramynyň bellenilmegi barada karara gol çekdi. Bu barada 24-nji iýulda Prezident administrasiýasynyň metbugat gullugy tarapyndan CentralAsia.news-a habar berildi.

Karara laýyklykda, 2020-nji ýylda Gurban baýramy 31-nji iýulda belleniler.
Baýramyň belleniljek senesi Özbegistanyň Musulman Geňeşi tarapyndan kesgitlenildi. Mundan başga-da, Mirziýoýew jogapkär bölümlere we sebit ýolbaşçylaryna Gurban baýramyny bellemäge taýýarlygy koronawirus epidemiýasy sebäpli girizilen çäklendiriji çärelere laýyklykda guramagy tabşyrdy.
Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýetip gelýän baýramçylyk bilen baglanyşykly çäreleri ýaýmak maslahat berildi diýlip habar berilýär.
Mundan başga-da, döwlet baştutany koronawirusa garşy göreşmek boýunça döwlet komissiýanyň karantini 1-nji awgustdan soň uzaltmak baradaky teklibini tassyklady.

Şu güne çenli Özbegistanda koronawirus bilen kesellänleriň sany 19 653-e ýetdi. Juma gününe çenli 10472 adam bu keselden gutuldy.

düýn 11:34
5k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.5k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.5k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......