Ronaldu “Ýuwentusdan” gitmek isleýär. Ol iki klubdan teklip aldy

Ronaldu “Ýuwentusdan” gitmek isleýär. Ol iki klubdan teklip aldy

Hüjümçi Kriştianu Ronaldy Turiniň “Ýuwentusyndan” gitmek isleýär. Portugaliýaly oýunçy bilen “Pari Sen-Žermen” hem-de “Mançester Ýunaýted” gyzyklanýar. Klubyň ikisi hem eýýäm oňa teklip etdiler, bu barada Diario Gol neşirine salgylanmak bilen championat.com habar berýär.
Ronaldunyň 2003-nji ýyldan 2009-njy ýyllar aralygy çykyş eden kluby “Mançester Ýunaýtede” dolanmak mümkinçiligi olaryň ilkinji nobatda Çempionlar ligasynda çykyş etmegi bilen bagly bolup durýar. Kriştianu Madridiň “Realyndan” “Ýuwentusa” 2018-nji ýylyň tomsunda 117 mln ýewro geçdi. 35 ýaşly futbolçynyň şertnamasy 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenilen. Ronaldunyň transfer gymmatlygy 75 mln ýewro bilen bahalandyrylýar.
Şu möwsümde Kriştianu klub derejesindäki ähli turnirleriň 32 oýnunda 25 gezek gol geçirdi we 4 gezek netijeli ýardam pasyny etdi.