Düwmeli telefonlaryň sensorlylardan bäş sany artykmaçlygy

  • 26.03.2020 15:03
  • 9k+

Öňki düwmeli telefonlaryň sensor telefonlaryna garanda artykmaç tarapy köp.
1. Bu telefonlaryň zarýadynyň çalt çökmezligi. Mümkinçilikleri çäklendirilen düwmeli telefonlaryň oňaýly tarapy hem bar. Şeýle telefonlarda akkumulýatoryň zarýadyny “ýuwudýan” köpsanly programmalar, internet torlary, messenjerler, nawigatorlar ýok.
Onda wideo görülmeýär, täzelikler okalmaýar we ol ekranda howa maglumatyny-da görkezmeýär. Şeýle telefonlardaky oýunlar hem ýönekeýje. Funksiýalaryň uly bolmadyk möçberi batareýiň tygşytlanmagyna getirýär.
Apparat zarýady birnäçe günläp saklaýar, şol sebäpli hem telefonuň eýesi hemişe aragatnaşykda bolup bilýär. Bu yzygiderli lukmançylyk kömegine mätäç bolan uly ýaşly adamlar üçin has hem möhüm. Üstesine-de, garrylar çylşyrymly telefonlardan kynlyk bilen baş çykarýarlar.
2. Ygtybarlylyk. Berkligi we hili üçin “kerpiç” adyny alan düwmeli telefonlaryň meşhur modeli köpleriň ýadyna düşýändir. Bu telefonlar aragatnaşygy ygtybarly saklaýarlar.
Döwrebap smartfonlar maksimum 5 ýyla gidýärler. Olar şeýle bir näzik bolandygy üçin sensora hatda laminada degse-de zyýan ýetip bilýär. Oňa derek düwmeli telefonlar hiç hili döwülmezinden on ýyldan gowrak wagt hyzmat edip bilýär.
3. Internetiň bolmazlygy. Bir tarapdan – bu minus. Beýleki bir tarapdan – internet torlaryna we messenjerlere bolan baglylyk ýok. Täze tehnologiýalaryň esasynda ýüze çykan ilkinji täsirler ýuwaş-ýuwaşdan peseldi. Adamzat indi internet torlarynyň, internet-serfinleriniň, oýunlaryň gymmatly wagty we güýji alýandygyna düşündi.
Internetiň bolmazlygy ýaşlaryň ene-atalary üçin hem plýus hasaplanylýar. Olar öz çagalaryna olaryň daşarda köpräk gezelenç etmegi üçin hem-de fiziki taýdan kadaly ösüp ýetişmegi we janly aragatnaşyk etmegi üçin arzan düwmeli telefonlary satyn alýarlar.
4. Ýanyňda götermek aňsat. Düwmeli telefonlar sensorlylara garanda has ykjam. Bu kiçijik gurluşlar hatda kiçijik sumka hem hiç hili kynçylyksyz ýerleşip bilýär.
5. Ýitirmek hem gorkuly däl. Bu telefonlar gymmat däl. Smartfonyň satyn alynmagy beýleki çykdajylara hem getirýär: telefon daşy, gorag aýnasy, nauşnikler. Düwmeli telefonyň ýitmegi onuň eýesini kän bir gynandyrmaýar. Smartfondan tapawutlylykda, ol ýalançylaryň ýa-da ýaman niýetli adamlaryň eline düşüp biljek faýllary saklanok.
Bu faýllar saýt parollary, bank kartlarynyň maglumatlary we şahsy häsiýetnama wideosy, messenjerlerdäki sms ýazgylary bolup biler. Şeýle çeşme maglumatlaryny hemişe ýanyňda götermek howpsuz däl.
Düwmeli telefonlar diňe aragatnaşyk üçin ulanylýar. Şeýle gurluşa yzarlaýjy-programmany hem oturdyp bolmaýar.
Düwmeli telefonlar örän peýdaly gurluş boldy. Olar manysyz güýmenjeler üçin däl-de, iş üçin gerek. Ýöne biziň her birimiz smartfondan ýüz öwürmäge taýýar däl, muňa garamazdan, şeýle modelleri ätiýaçdan ulanmak hem bolar.

12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.1k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....