France Football möwsüm boýunça iň ýokary girdejili futbolçylarynyň 10-lugyny düzdi

France Football möwsüm boýunça iň ýokary girdejili futbolçylarynyň 10-lugyny düzdi

France Football neşiri 2019/20-möwsüminiň iň ýokary hak tölenýän futbolçylarynyň sanawyny neşir etdi. Bu sanawy “Barselonanyň” kapitany Lionel Messi esaslandyrdy.
2013-nji ýyldan bäri, Messiden, Kriştianu Ronaldudan ýa-da Neýmardan başga ýekeje oýunçy hem bu sanawyň ilkinji üçlüginde ýerleşip görmedi – diýlip, France Football neşirinde bellenilýär.
Reýting düzülende umumy aýlyk, mahabatlardan gelen girdejiler we bonuslar hasaba alyndy.
1. Lionel Messi (“Barselona”) – 131 million ýewro.
2. Kriştianu Ronaldu (“Ýuwentus”) – 118 mln. ýewro
3. Neýmar (“PSŽ”) – 95 mln. ýewro
4. Garet Beýl (“Real”) – 38,7 mln. ýewro
5. Antuan Grizmann (“Barselona”) – 38,5 mln. ýewro
6. Eden Azar (“Real”) – 38 mln. ýewro
7. Andres Inýesta (“Wissel Kobe”) – 34 mln. ýewro
8. Rahim Sterling (“Mançester Siti”) – 33 mln. ýewro
9. Robert Lewandowskiý (“Bawariýa”) – 29 mln. ýewro
10. Kilian Mbappe (“PSŽ”) – 27 mln. ýewro
Mundan başga-da, news.sportbox.ru “Barselonanyň” toparyň hüjümçisi Usman Dembeleden aýrylmak mümkinçiligine seretmeýändigini habar berdi. Katalonlylaryň tälimçi ştaby oýunçyny toparyň esasy bölegi hasaplamak bilen oňa daýanýar, bu barada Diario Sport neşiri ýazýar.
Şeýle-de klub häzirki wagtda şikesden bejergi alýan futbolçydan dynmagy makul hasaplamaýar. Ispaniýanyň çempionatynda Dembele bäş oýna gatnaşdy we bir gezek gol geçirdi. Iň soňky gezek ol meýdança noýabryň ahyrynda çykdy.