Core i9-10900K awtomatik ýagdaýda 5,3 GGs-e çenli güýçlenip bilýär

  • 23.03.2020 21:52
  • 2.6k+

Comet Lake-S täze stolüsti prosessorlary baradaky gürrüňleriň birnäçe wagt bäri dowam edýändigine garamazdan, henize çenli Intel-iň olary haçan resmi taýdan hödürlejekdigi belli däl. Şeýle-de bolsa, köp sanly gürrüňlerden we maglumatlardan köp zat bize mälim. Ýaňy-ýakynda-da Core i9-10900K geljekki flagmanyň häsiýetleriniň ýene bir tassyklanmasy peýda boldy.
3Dmark bençmarkynyň maglumatlar bazasynda sistemanyň Core i9-10900K flagmany bilen test geçirendigi baradaky ýazgy çykaryldy. Bu prosessor 10 ýadro we 20 akyma eýe. Teste laýyklykda, onuň bazalaýyn takt ýygylygy 3,7 GGs-e barabar (bu öňki maglumatlar bilen gabat gelýär), dinamiki güýçlenmäniň maksimal ýygylygy 5,3 GGs-e ýetýär diýip 3dnews.ru habar berýär.
Gyzykly ýeri, öň 3Dmark-yň testleri Core i9-10900K üçin maksimal ýygylygy 5,1 GGs diýip görkezýärdi. Şeýle ýygylyk bolsa Turbo Boost tehnologiýasynyň ulanylmagynyň esasynda gazanylýar diýip çaklanylýardy. Öz gezeginde 5,3GGs ýygylygy testleriň netijelerinde däl-de, ähli prosessorlaryň dokumentlerinde ýatlanylyp geçilýärdi, onuň bilen prosessor Thermal Velocity Boost (TVB) tehnologiýasy işe girizilende işläp başlamaly. Ýöne häzirki ýagdaýda prosessoryň sowatmanyň has kuwwatly sistemasy bilen testden geçirilen bolmagy ahmal, şonuň üçin ol özbaşdak has ýokary ýygylyga çenli güýçlenip bilýär.

şu gün 00:17
521

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
867

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.7k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......