logo
ELWAN studio

Описание

«Elwan Studio» ýokary hilli foto we wideo hyzmatlaryny amatly bahadan hödürleýär.

Durmuş toýlary, ýaş toýlary, toý sadakalary her bir adamyň durmuşynda ýatdan çykmajak duýgulary galdyrýar. Şol ýakymly duýgulary ebedileşdirip, wagtyň geçmegi bilen janlandyrmak bolsa foto we wideo şekilleriň paýyna düşýär.
«Elwan — duýgulary janlandyrmagy başarýarys» şygary öňe sürýän «Elwan Studio» ýokary hilli foto we wideo hyzmatlaryny amatly bahadan hödürleýär.

«Elwan Studio-synyň» ulanýan häzirki zaman enjamlary ýokary hilli şekilleri düşürmäge, olary montaž etmäge mümkinçilik berýär.

Amatly baha & tiz hyzmat
«Elwan Studio-sy» toý dabaralaryny foto we wideo düşürip, taýyn görnüşde müşderä gowşurmak hyzmatlaryny tiz wagtda — 1 aýyň dowamynda ýerine ýetirýär. Her müşderi özi üçin laýyk gelýän  nyrhnamany (tarifi) saýlap biler.
2-3 aý öňünden edilen sargytlara uly arzanladyşlar bar.
Şeýle hem studiýanyň işgärleri surata nähili eşikde hem-de nirede düşseň has owadan boljakdygy barada hem gymmatly maslahatlaryny bererler.
Galyberse-de, «Elwan Studio» müşderilerine dürli görnüşli sowgatlary hem berýär.

Habarlaşmak üçin:

Tel: +99361 66-11-00

Instagram: @elwanstudio

Salgysy: «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi