logo
KARTON ÖNÜMLERI

Описание

  • Raýatlar kagyz galyndylaryny tabşyryp bilýär

Kärhanada kagyz galyndylaryny ýygnaýan bölüm hereket edip, islendik raýat jaň edip öz kagyz toplaýan salgysyna çagyryp, kagyz galyndylaryny tabşyryp bilýär. Kagyz galyndylarynyň agramy çekilip, tabşyran adam bilen kesgitlenen nyrh boýunça hasaplaşyk geçilýär

Önümler diňe sargyt esasynda ýerine ýetirilýär.

Önümçilik kärhanalary karton gutularyň dürli görnüşlerini, dokma kärhanalary karton tegekleriň islendik ölçeglerini şeýle hem, restoranlar, tiz tagamlar pizza, pide we ş.m. iýmit önümleriniň gabyny islegleri boýunça sargyt edip bilýär. Islendik haryt sargyt edilenden, sargydyň göwrümine we önümçiligiň ýygylygyna görä, alyjy bilen wagt kesgitlenilýär.

 

Lomaý hem bölek sargyt edip bolýar

Sargytlar lomaý hem, bölekleýin bolup biler. Aşgabat şäheri we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Gökdepe etraplary aralygynda sargytlary eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar. Tölegli esasda welaýatlara hem eltip berilýär.

Hasaplaşyklar nagt we nagt däl görnüşinde geçilýär.