logo
WILDCRAFT DILER

Описание

«Berkarardaky» WILDCRAFT dükany ähli zatlary ýarym bahasyna hödürleýär.

1990-njy ýyllaryň ahyrynda işjeň sporta höwesjeň 3 sany hindistanly telekeçiniň başlangyjy bilen esasnaldyrylan, 2018-nji ýylda bolsa Türkmenistanda ilkinji resmi dükanyny açan «Wildcraft» (Waýldkraft) brendi türkmenistanly alyjylaryna ähli harytlaryny ýarym bahasyna hödürleýär.

Adamlaryň aktiw sporta bolan höwesini artdyrjak çydamly, berk we adam bedenine ýakymly esbaplary öndürmegi baş maksady edip goýan bu brend ýurdumyzda gysga wagtda giň meşhurlyk gazandy.

«Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gatynda ýerleşen «Wildcraft» dükany sport egin-eşikleriniň, sport aýakgaplarynyň, mekdep rýukzaklarynyň, syýahatçylyk rýukzaklarynyň, ýatymlyk torbalaryň, çadyrlaryň, ýagyşdan goraýjylaryň, çemodanlaryň, aksessuarlaryň giň toplumyny hödürleýär.

Ajaýyp hem-de adatdan daşary dizaýny, hili we önümçiligi bilen öňe saýlanýan Wildcraft Hindistanyň jemi 200-e golaý şäherinde 175-e golaý ekskluziw dükanlary, 300-den gowrak uly göwrümli dükanlaryň ýörite bölümçeleri hem-de 4000-den gowrak multi-brend dükanlardaky ýörite bölümleri, galyberse-de häzirki wagtda dünýäniň 13-den gowrak ýurtlarynda ýörite françaýzer dükanlary bar. Şereket ýene-de 40-50 eksklýuziw dükanlary açmagy meýilleşdirýär.

Wildcraft brendiniň ähli rýukzaklary we aksessuarlary önümçilik defektine garşy kepillendirilendir. Dükan satyn alan harydyňyzy ulanmadyk ýa-da zaýalamadyk ýagdaýyňyzda, satyn alan günüňizden başlap 3 güniň içinde çalşyp bermek hyzmatyny hem hödürleýär.

Wildcraft brendiniň harytlaryny onlaýn sargyt etmek üçin dükanyň mobil goşundysyny AppStore ýa-da PlayMarket-den ýükläp alyp, eltip bermek hyzmatyndan hem-de gapyda töleg etmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilersiňiz!

Salgysy: «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gaty, «Wildcraft» dükany, dükan C34a