SetGrade Gyşky Beton Goşundy
Описание
SetGrade® 580 — Gyş döwri betonlamak üçin gatama tizleşdiriji goşundy Beýany: SetGrade® 580 — poslama döretmeýän, hlorid saklamaýan, sowuk howada betonyň gatama wagtyny gysgaltmak üçin ulanylýan goşundydyr. Ol sementiň gidratasiýasyny tizleşdirip, gatama wagtyny gysgaldýar we irki basyş berkligini ýokarlandyrýar. TS EN 934-2 T6 talaplaryna laýyk gelýär. Düzüminde goşulan kalsiý hlorid (armaturanyň poslamasyna tasir edip biljek maddalar) ýokdur. Himiki täsiri: SetGrade® 580 sement bilen suwuň arasyndaky himiki reaksiýany tizleşdirip, dolduryjylary birleşdirýän geliň emele gelmegini çaltlaşdyrýar. Bu proses garyndyda ýylylyk bölünip çykmagyna sebäp bolýar, bu-da betony dökülenden soňky ilkinji möhüm sagatda doňmakdan goraýar. Ulanylyş ýerleri: Esasan gyşda we sowuk howada, betonyň gatamasynt tizleşdirmek zerur bolanda ulanylýar. Sowuk howada beton dökmek üçin umumy kabul edilen düzgünlere üns bermek zerur: Polat galyplaryň ýerine agaç galyplar ulanylmaly. Galyplar ýylylyk ýitgisiniň öňüni almak üçin izolýasiýa edilmeli. Zerur bolsa, galyp we armaturany suwuň we buzuň täsirinden goramak üçin 0°C-den pes bolmadyk temperatura çenli öňünden gyzdyrylmaly Ulanyş usuly: SetGrade® 580 ulanmaga taýyn görnüşde iberilýär. Sementiň goşulmazyndan öň, beton suwuna goşulmagy maslahat berilýär. Goşulanda, gowy garyşmagy üçin iň ýokary tizlikde azyndan 3 minut goşmaça garylmaly. Artykmaçlyklary: Sementiň gidratasiýasyny tizleşdirip, gatama wagtyny gysgaldýar Doňa garşylygy ýokarlandyrýar Howpsuz-hlorid saklamaýar Tehniki maglumatlar: Görnüşi gomogen suwuklyk. Reňki Goňur Dykyzlygy (20°C) | 1.165 ± 0.03 g/cm³ pH (20°C) | 8.5 ± 1.5 Umumy hlorid ion mukdary | 0.10 M.-% Suwda erän ion mukdary | 0.10 M.-% Aşgar mukdary | 7.0 M.-% Dozasy: Sement agramynyň 1.0%-3.0% (100 kg Semenda 1000 g – 2000 g) Gaplama: Bulk görnüşinde, 1000 lt plastik konteýnerlerde, 200 lt gaýtadan ulanylmaýan bочkalarda we 1-5-10-20 lt gaplarda elýeterli. *Ähli welayata dastawka bar *Barlamak üçin mugt nusga berip bilýäris
Похожие объявления
Plita Beton Плита Бетон Taze
islendik gornusde islendik razmerda plitalar bar bahalary tapawutly er...
CastGrade 775M - Beton goşundy
CastGrade® 775 M — Ýokary irki berklik üçin superplastifikator CastGr...
Rheocon Beton Goşundylary
Biz Türkiýäniň ýokary hilli beton goşundylaryny öndürýän "Rheocon" kom...
Beton reşotka, gazon beton
Beton reşotka (gazon betony): razmeler: 60/40/6 (1m²=4şt) 40/40/6 (1m²...
Bordyur Bardyur beton Бордюр
Bordyur (Бордюр) Razmerler: 70/30/20/3 (100kg) 150m (toçid edilen) 60...
Beton bordyur 70x30x20 бордюр
Beton bordyur: * Polirowka edilen * 70sm x 30sm x 20 sm (çünki 3sm) *...