Serdar Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Samarkanda bardy

  • 15.09.2022 10:01
  • 18k+

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistanyň Samarkant şäherine bardy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, irden döwlet Baştutanynyň uçary Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we beýleki resmi adamlar, şol sanda türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Iki günlük iş saparynyň birinji gününiň maksatnamasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Samarkant sammitine gatnaşýan käbir ýurtlaryň Liderleri hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary göz öňünde tutulýar. Şeýle-de hormatly Prezident Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowy hatyralap, onuň mawzoleýine gül dessesini goýar. Günüň ikinji ýarymynda wekiliýet Baştutanlary bilelikde Hormatly myhmanlar seýilgähinde nahal oturdyp, «Baky şäher» medeni-etnografik toplumyna baryp görerler.
Ýeri gelende bellesek, 2001-nji ýylyň 15-nji iýunynda döredilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hemişelik esasda hereket edýän halkara hökümetara guramadyr. Häzirki wagtda dünýäniň 8 döwleti ― Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan onuň agzalygyna girýär. Käbir ýurtlar bolsa onuň işine synçy, dialog boýunça hyzmatdaş derejesinde gatnaşýar. Türkmenistan bu guramanyň sammitlerine hormatly myhman hökmünde çagyrylýar.

“Samarkant sammitinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine garamak, ŞHG-niň häzirki döwürdäki işiniň gerimini giňeltmek boýunça ileri tutulýan ugurlarydyr amaly çäreleri kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Sammitiň jemleri boýunça 30-dan gowrak resminamanyň, şol sanda Samarkant Jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar” diýlip, neşiriň berýän habarynda bellenilýär.


16.04.2026 22:10
8.6k+

Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň wekili bilen «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegini maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň......

16.04.2026 14:57
1.1k+

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň täze ilçisi bilen duşuşdy

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi....

16.04.2026 14:51
1.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze ilçisini kabul etdi

15-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeni kabul etdi....

14.04.2026 14:32
5.7k+

Serdar Berdimuhamedow Yragyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Amedini Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär....