Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 3500 dollara ýetdi

Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 3500 dollara ýetdi

Ýewropada gazyň birža bahalary 1 müň kub metrine 3500 dollardan geçdi. Bu barada 26-njy awgustda Londonyň ICE biržasynyň söwdalaşyklarynyň netijeleri habar berýär.

Niderlandlarda TTF habynda sebtýabrdaky fýuçersleriň bahasy 1 MWt/sag-na 338,495 ýewro bardy. Bu bolsa takmynan 1 müň kub metrine 3571 dollara deňdir.
Öň, günüň dowamynda bahalar 3360 dollara, 3400 dollara barypdy.
Taryhy maksimum 7-nji martda boldy, şonda aprel fýuçersleri 1 müň kub metrine 3898 dollardan satylýardy.