Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahat geçiriler

  • 30.07.2022 14:19
  • 7.6k+

Şu ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahaty guramak teklip edilýär. Bu barada 29-njy iýulda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň hasabatynda aýdyldy.

Hususan-da, abraýly ugurdaş düzümleriň işine bolan gatnaşygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ösüşi boýunça halkara gurama agza bolmagy teklip edilýär we BMG-niň hem-de YHG-nyň degişli ýöriteleşdirilen edarasy bolan Azyk howpsuzlygy boýunça yslam guramasynda synçy derejesini almak teklip edilýär. Şeýle-de 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn Çarçuwaly maksatnamanyň çäklerinde BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça teklip beýan edildi. azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahaty guramak teklip edilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.


13.06.2026 16:30
927

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
964

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.1k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.6k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......