Daşkent maslahatynda Türkmenistanyň Owganystan boýunça garaýyşlary mälim edildi

Daşkent maslahatynda Türkmenistanyň Owganystan boýunça garaýyşlary mälim edildi

26-njy iýulda Daşkentde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň adyndan daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wekilçilik etdi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, forumyň işine resmi wekiliýetler, alymlar we ylmy barlagçylar, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Eýranyň, Pakistanyň, Hindistanyň we Belgiýanyň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary we bilermenleri, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň ýolbaşçylary we hünärmenleri hem-de Owganystanyň wagtlaýyn Hökümetiniň wekiliýeti gatnaşdy. 
W.Hajiýew öz çykyşynda türkmen tarapynyň Owganystanyň täzeden dikeldilmegine, dünýä ykdysady gatnaşyklaryna goşulmagyna we infrastrukturasynyň ösüşine gyzyklanma bildirýändigini belledi. Hut şu görkezijiler ýurduň içinde, umuman, sebitiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde oňyn täsir eder. 
Şeýle-de ol Türkmenistan üçin Owganystandaky parahatçylygy dikeltmek tapgyrynyň üç esasy ugra: syýasy, ykdysady we durmuş-ynsanperwer ugurlaryna esaslanýandygyny mälim etdi. Syýasy giňişlikde Türkmenistanyň ähli gyzyklanýan döwletleri we halkara guramalary täze owgan Hökümeti bilen gepleşikleri ösdürmäge çagyrýandygyny aýtdy.
W.Hajiýew şeýle-de başlanan halkara ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini dowam etdirip, owgan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.