В Бюзмеине открылся Центр по ремонту газовых турбин и друг­ого энергетического оборудования

  • 20.07.2022 17:50
  • 15k+

Şu gün — 20-nji iýulda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Şowhunly el çarpyşmalar astynda döwlet Baştutany toý bagyny kesip, täze merkeziň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde alnyp baryljak işler bilen tanyşdy.
Desganyň tutýan meýdany 3 gektara deň bolup, merkez ýolbaşçylar we hünärmenler üçin iş otaglaryny, mejlisler otagyny, synp otaglaryny, arhiwi, lukmançylyk otagyny, aşhanany, naharhanany öz içine alýan dolandyryş binasyndan, ammar binasyndan, abatlaýyş we dikeldiş sehinden, abatlaýyş ussahanasyndan, himiki arassalaýyş sehinden, tehniki we kömekçi binadan ybaratdyr.
«Çalyk Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.» kompaniýasy tarapyndan gurlan bu merkez ýöriteleşen ugry boýunça Merkezi Aziýadaky ilkinji desgadyr. Merkezde «General Electric» kompaniýasynyň energetika enjamlaryna tehniki hyzmat işleri geçiriler. Bu ýerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin 55 sany ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar gurnaldy.
Dabaranyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, täze merkeziň mümkinçilikleri dogrusynda belläp geçdi. Şeýle-de dabarada daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerine söz berildi. Olar öz çykyşlarynda täze merkeziň dünýädäki şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýändigini belläp, degişli güwänamalary gowşurdylar. 


вчера 19:38
2.9k+

Рашид Мередов встретился с украинскими дипломатами

25 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов встретился с заместителем министра иностранных дел Украины Олександром Мищенко и специальным представителем МИД Украины по связям со странами......

вчера 19:26
1.2k+

Прошли туркмено-украинские политконсультации на уровне замминистров иностранных дел

25 июня в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялись туркмено-украинские политические консультации на уровне заместителей министров иностранных дел....

26.06.2026 20:55
2.8k+

Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана

25 июня в здании парламента Японии в Токио бывшему председателю японо-туркменской парламентской Лиги дружбы Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna»,......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Туркменистан и Казахстан определили новые направления экономического сотрудничества

24 июня в Астане состоялось очередное заседание Совместной межправительственной комиссии по экономическому, научно-техническому и культурному сотрудничеству между Туркменистаном и Казахстаном. По итогам......