Президент Сердар Бердымухамедов посетил концерт в «Nowruz ýaýlasy»

  • 28.06.2022 12:00
  • 14k+

27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen döredijilik agşamyna Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Baýramçylyk äheňinde guralan sahnada köp sanly döredijilik çykyşlaryny, joşgunly aýdym-sazlary özünde jemleýän konsert köpöwüşginliligi hem-de täsirli pursatlara baýlygy bilen tapawutlandy.
Konsertiň dowamynda häzirki zaman sungat eserleri, yşky-liriki aýdymlar,  milli şahyrana we nusgawy saz eserleri belentden ýaňlandy. Çeper döredijiligiň, milli sungatyň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň döreden aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi konsertiň şowhunyny belende göterdi. Konsertde hormatly Arkadagymyzyň döreden “Leýlisaç barada rowaýat”, “Ak güllerim saňa”, “Ýadymda”, “Bagt nury” diýen aýdymlary tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy.
Konsert meşhur sazandalaryň, estrada aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň täsirli çykyşlary bilen dowam etdi. Soňra baýramçylyk konsertine gatnaşan hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri uly dabaralara, giň möçberli çärelere beslenen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen döredijilik agşamy milli baýramçylyklara mahsus äheňdäki şüweleň bilen dowam etdi. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagy esasynda dürli yşyklardan älemgoşar öwüşginli şekiller döredi. Bu bolsa dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi. 


сегодня 00:03
666

В Туркменистане впервые издали учебник информатики для детей с нарушением зрения

Туркменская государственная издательская служба впервые выпустила учебник «Основы информатики» для учащихся первых классов отделений для слепых и слабовидящих детей реабилитационно-образовательных комплексов......

вчера 19:31
1k+

Неделя культуры – 2027 пройдет в Дашогузском велаяте

В 2027 году Неделя культуры пройдет в Дашогузском велаяте с 22 по 27 июня 2027 года. Соответствующее постановление подписал президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов. Документом также предусмотрено......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Ювелир Говхер Нурыева завоевала Кубок международного фестиваля в Бухаре

Туркменский ювелир, член Союза художников Туркменистана Говхер Нурыева заняла третье место на III Международном фестивале золотошвейного и ювелирного дела. Мероприятие прошло в Бухаре (Узбекистан) еще 15-17......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Наследие Махтумкули Фраги обсудили на конференции в Тегеране

16–17 июня в Тегеране состоялся ряд мероприятий, посвящённых жизни и творчеству великого туркменского поэта и мыслителя Махтумкули Фраги. Об этом сообщает пресс-служба МИД Туркменистана....