Aşgabatda dünýä belli «LC Waikiki» brendiniň ilkinji resmi dükany açyldy

Aşgabatda dünýä belli «LC Waikiki» brendiniň ilkinji resmi dükany açyldy

«LC Waikiki» — Her bir adam gowy geýinmäge mynasypdyr» diýen jümle bilen öz müşderilerini hemişe döwrebap egin-eşikler bilen begendirip durýan dünýä belli haryt nyşanly ilkinji dükan indi Aşgabatda hem hereket edip başlady.

Dünýäniň 47 ýurdunda 1047 sany dükanyny açan «LC Waikiki-niň» Türkmenistandaky ilkinji resmi dükany «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda ýerleşýär. Dükan alyjylaryna 55 müňden gowrak harydyny hödürleýär.

Dükanyň aýratynlygy:

  • Harytlar Trend ýol bahadan, ýagny Türkiýeden onlaýn dükanlar arkaly getirilýän egin-eşikleriň bahasy bilen birmeňzeş;
  • Nagt we nagt däl tölegler;
  • Hemme harytlara 10% arzanladyş

Şeýle hem bu dükanda zenanlar, erkekler, şeýle-de çagalar üçin egin-eşikleriň giň toplumy hödürlenilýär. Ýagny, bu ýerden diňe çagalar däl, eýsem, tutuş maşgala bolup «geýnip» bolýar. Dükanyň güler ýüzli satyjylary bolsa, müşderileriň göwün islän harydyny, gerekli ölçegdäki egin-eşigini tiz tapmaga kömek eder.
Belläp geçsek, «LC Waikiki» haryt nyşanynyň «Berkarardaky» dükanynyň resmi açylyş dabarasy 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda geçirildi. Şol günden bäri hem dükanyň müşderileriniň sany gün-günden artýar.

Salgymyz: Aşgabat ş., «Berkarar» SDAM-niň  3-nji gatynda.
Habarlaşmak üçin:
Tel:  +993 61 173641
Instagram: lcw_turkmenistan
Imo: +993 61 176533