Saud awiakompaniýasy tutuşlygyna zenan ekipažy bilen taryhda ilkinji awiagatnawy amala aşyrdy

  • 23.05.2022 17:26
  • 32k+

Saud Arabystanynyň Flyadeal awiakompaniýasy tutuşlygyna zenan ekipažy bilen gatnawy amala aşyryp, patyşalygyň raýat awiasiýasynyň taryhyna girdi. “The National” neşiriniň habar berşi ýaly, Saudia milli awiakompaniýasynyň arzan golçur kompaniýasy A320-de (Airbus-320) Er-Riýad – Jidda ugry boýunça içerki uçuşy amala aşyrdy. Uçaryň bortunda, esasan, Saud Arabystanynyň raýatlary bardy diýip, TASS habar berýär.

Ekipažyň ähli ýedi agzasy, şol sanda uçarmanlar we stýuardessalar aýal maşgalady, howa gämisiniň komandiriniň birinji kömekçisi Ýara Ýan bolsa patyşalygyň zenan uçarmanlarynyň arasynda ýaşy boýunça iň kiçisi. 
Soňky ýyllarda patyşalykda aýal-gyzlara köp hukuk we mümkinçilik berlenden soň, olar köp pudakda, şol sanda awiasiýada özlerini görkezmegi başardylar. Şeýlelik bilen, 2019-njy ýylda 29 ýaşly Ýasmin al-Maýmani patyşalykda täjirçilik uçaryny dolandyran ilkinji zenan – uly ofiser boldy. 
Saud Arabystany ilkinji gezek 2014-nji ýylda aýallara uçary dolandyrmaga rugsat berdi, ýöne şol döwürlerde bu seýrek ýagdaýlarda bolupdy. 2018-nji ýylda patyşalykda Oksfordyň Awiasiýa akademiýasynyň (Oxford Aviation Academy) Ýakyn Gündogardaky we Demirgazyk Afrikadaky ilkinji uçuş şahamçasynyň bazasynda uçarmanlary, şol sanda aýal-gyzlary taýýarlaýan saud awiasion akademiýasy açyldy. 
Baş statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda professional iş bilen meşgullanýan aýal-gyzlaryň sany 2016-njy ýyldaky 19% bilen deňeşdirilende 33%-e çenli ýokarlandy. 


düýn 11:19
9.7k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
8.9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

19.02.2026 18:49
13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...