Jo Baýdeniň 2021-nji ýylda gazanan girdejisi belli boldy

  • 16.04.2022 23:29
  • 27k+

ABŞ-yň prezidenti Jo Baýden we birinji hanym Jill Baýden bilelikdäki salgyt deklarasiýasyny neşir etdiler, onda 2021-nji ýylyň girdejisi barada hasabat berilýär. Resminamalar we olara berlen düşündirişler 15-nji aprelde, anna güni Ak tamyň saýtynda çap edildi.

Resmi resminamalara laýyklykda, olar bilelikde 610 müň dollar gazanypdyrlar, onuň 150 müň dollary federal salgyt hökmünde tölenipdir. Habarda girdeji salgydynyň stawkasynyň 24,6% -den ybarat bolandygy bellenilýär. 
Mundan hem başga, 30 müň dollar Delawer ştatynda salgyt hökmünde tölenipdir, şol ýerde prezidentiň maşgala öý-ojagy bar.
Jil Baýden Wirjiniýa ştatynda ýekebara 2,7 müň dolar salgyt töläpdir. Şeýle-de, prezident we birinji hanym 17 müň dollar töweregi puly dürli haýyr-sahabat işleri üçin harçlapdyrlar. 
Şonuň ýaly-da, wise-prezident we ikinji jentlmen 2021-nji ýyl üçin federal girdeji salgydy hakynda öz deklarasiýasyny, şeýle hem Kaliforniýa, Nýu-Ýork we ABŞ-yň Kolumbiýa okrugy üçin ştatyň salgyt deklarasiýasyny çap etdiler. Olaryň 1,7 mln dollardan gowrak pul gazanandyklary habar berilýär. Är-aýal 700 müň dollary salgyt hökmünde töläpdir. 2021-nji ýylda olar 22 müň dollary haýyr-sahabat üçin harçlapdyrlar. 
Geçen ýyl Baýdenleriň maşgalasynyň 2020-nji ýylda 600 müň dollar töwerek girdeji gazanandyklary barada habar berlipdi.
Amerikanyň prezidentiniň wise-prezident Kamaly Harrise garanda, biraz «garybrakdygy» bellenipdi. Onuň maşgala girdejisi üç esse diýen ýaly artykdyr.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......