Bellator 277-niň esasy söweşinde Freýre Makkiden üstün çykdy

Bellator 277-niň esasy söweşinde Freýre Makkiden üstün çykdy

Garyşyk söweş stiliniň braziliýaly söweşijisi Patrisio Freýre eminleriň biragyzdan karary bilen amerikaly Eý Jeý Makkiden üstün çykyp, Bellatorda ýeňil we ýarym ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagyna eýe boldy.

Söweş Bellator 277 ýaryşynyň çäklerinde geçirildi. Bäş raundlap dowam eden söweşiň netijesi boýunça eminler braziliýaly Freýräni ýeňiş berdiler (49-46, 48-47, 48-47).
Amerikaly Makki karýerasynda ilkinji ýeňlişini başdan geçirdi — onuň 18 ýeňşi bardy. Braziliýaly söweşijide bolsa 33 ýeňiş we 5 ýeňliş bar.