Germaniýanyň Prezidenti koronawirus bilen keselledi

Germaniýanyň Prezidenti koronawirus bilen keselledi

Germaniýanyň 66 ýaşly prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere we onuň aýaly Elke Býudenbendere koronawirus ýokuşdy. Bu barada sişenbe güni döwlet baştutanynyň kanselýariýasy habar berdi.

«Sişenbe güni ekspress-test we PZR-test položitel netije görkezdi. Elke Býudenbendere hem ýokuşdy. Alamatlar ýeňil» — diýip, kanselýariýada belleýärler. «Prezident bilen onuň aýaly dessine öý karantinine gitdiler. Olar bilen ýakyn gatnaşykda bolanlaryň ählisi habarly edildi» — diýip, şol ýerde habar berdiler.