Audi täze konseptual elektromobilini hödürledi

Audi täze konseptual elektromobilini hödürledi

Audi nemes kompaniýasy A6 Avant e-tron konseptual elektriki uniwersalyny hödürledi. 17-nji martda brendiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, modeliň daşky görnüşi 2021-nji ýylda hödürlenen liftbek A6 e-tron-y gaýtalaýar. Tehniki taýdan iki ulagam giňden unifisirlenen. Uniwersal kuwwaty 270 kWt bolan zarýady saklaýar, ýöreýiş ätiýajy 700 km-e ýetýär.

Modeli täze elektromobilleriň markasy üçin işlenip taýýarlanan Premium Platform Electric (PPE) platformasynda gurlan. Iki elektromotor bilelikde 476 l.s. berýär. Konsepti adaptiw amortizatorly pnewmopodweskany aldy.
Yzygiderli ýagdaýda çykaryljak elektromobiller öňi ýa-da yzy herekete getirijili, bir ýa-da iki elektromotorly we dürli sygymdaky batareýaly bolar. Audi A6 e-tron Ýewropa bazarynda 2023-nji ýylda peýda bolar.