Туркменистан обменивается опытом с Россией по вопросам строительства «умных городов»

  • 17.02.2022 12:31
  • 30k+

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýew Moskwa şäheriniň meriniň (häkiminiň) orunbasary, Ulag we ýol-ulag infrastrukturasynyň ösüşi departamentiniň başlygy Maksim Liksutow bilen duşuşdy. Taraplar ýerüsti ulag infrastruturasy, häzirki zaman şäher toplumlarynyň we «akylly» şäherleriň döredilmegi ýaly ulgamlardaky özara hereketlere aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

Maksim Liksutowyň nygtaýşy ýaly, ulag howpsuzlygy, ulag duralgalarynyň işjeňleşdirilmegi, uly şäherleriň mümkinçiliklerinde ulaglary dolandyrmagyň elektron ulgamlarynyň girizilmegi ýaly ugurlarda-da hyzmatdaşlyk etmek üçin oňyn şertler bar. Şu nukdaýnazardan, anyk gepleşikleriň geçirilmegi üçin Moskwanyň Hökümet wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň guramaçylygynyň mümkinçiliklerine seredildi.

 Rus tarapy hyzmatdaşlygyň ilkinji ädimi hökmünde saparyň barşynda «Aşgabat-siti» taslamasynyň gurluşygynda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy, ulag infrastrukturasynyň kemala getirilmegi, türkmen oba hojalyk önümleriniň Moskwa eksport edilmegi üçin «ýaşyl» geçelgeleriň döredilmegi, Türkmenistanyň we Moskwanyň telekeçilik düzümleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik maslahatynyň geçirilmegi ýaly meselelere seretmegi teklip etdi.


сегодня 11:32
1.1k+

В Туркменистане заготовлено более 2,1 тысячи тонн коконов шелкопряда

Арендаторы-шелководы Туркменистана сдали государству более 2 100 тонн коконов шелкопряда, полностью выполнив предусмотренные на текущий год контрактные обязательства. Об этом в понедельник на рабочем совещании......

14.05.2026 19:01
1.9k+

В Ашхабаде обсудили стратегию развития цифровой торговли и электронной коммерции

11 и 12 мая в Ашхабаде прошли два семинара Международного торгового центра (МТЦ), посвященные регулированию цифровой торговли и электронной коммерции....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Сумма валютных сделок на торгах ГТСБТ превысила $11 млн

На минувшей неделе на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана (ГТСБТ) было зарегистрировано 17 сделок, сообщает TDH....

06.05.2026 20:34
10k+

Представители Zaha Hadid Architects примут участие на форуме «Белый город Ашхабад 2026»

Представители архитектурного бюро Zaha Hadid Architects, как ожидается, примут участие в 25-й Международной выставке и конференции «Белый город Ашхабад 2026», которая пройдёт 24–25 мая в столице Туркменистана.......