Toyota 2021-nji ýylda Internetde iň köp gyzyklanylan awtoulag markasy boldy

Toyota 2021-nji ýylda Internetde iň köp gyzyklanylan awtoulag markasy boldy

Compare The Market kompaniýasy 2021-nji ýylda Google-da awtoulag markalary boýunça amala aşyrylan gözlegleri seljerdi. Netijede, Toyota 2021-nji ýylda Internetde iň köp gyzyklanylan awtoulag markasy boldy. Bu barada rg.ru habar berdi.

Ýapon markasy 154 ýurduň 47-sinde öňdeligi eýeledi we onuň paýy 31 göterime ýetirdi. 29 ýurtda iň köp gyzyklanylan marka bolan BMW - ikinji, Mersedes-Benz bolsa (23 ýurt) üçünji orny eýeledi. Geçen ýyl hem ýeňijiler şeýle tertipde ýerleşipdiler, 2019-njy ýylda bolsa sanawda birinji ýeri BMW kompaniýasy eýeläpdi.
Dördünji orunda ýene bir nemes markasy - 11 ýurtda öňdeligi eýelän Audi ýerleşdi. Ondan soň Kia we Hyundai orun aldy.
2021-nji ýylda Compare The Market kompaniýasynyň sanawyna ilkinji gezek Tesla hem girdi we Renault, Ford, Honda, Suzuki, Fiat, Chevrolet, Volvo ýaly markalary ýeňip, ýedinji orny eýeledi.