Diario Sport: Ronaldu «MÝ-dan» nägile, ol «Barselona» geçmegi ahmal

  • 11.01.2022 00:50
  • 17k+

«Mançester Ýunaýtediň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu klubdaky ýagdaýlardan kanagatlanmaýandygyny we ispan «Barselonasyna» geçmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada futbolçynyň ýakyn gurşawyna elýeterliligi bolan Diario Sport neşiri ýazýar diýip, gazeta.ru belleýär.

Neşiriň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Ronaldu eýýäm agenti Žorže Mendeşe täze klub gözläp başlamagy tabşyrdy.
Ronaldu klubyň düzgünsiz kadr syýasatyndan ýadady we häzirki baş tälimçi Ralf Rangnigiň işinden nägile.
Häzirki wagtda «Mançester Ýunaýted» Angliýanyň Premýer ligasynda bary-ýogy ýedinji orunda ýerleşýär. Iki duşuşygy ätiýaçda bardygyna garamazdan, birinji orunda barýan «Mançester Sitiden» 22 utuk yzda. Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda Ronaldu topardaşlary bilen Madridiň «Atletikosy» bilen duşuşar.


şu gün 02:49
1.9k+

“PSŽ” “Interi” uly hasap bilen utup, ilkinji gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol kluby ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Mýunhendäki “Alýans Arena” stadionynda geçirilen final oýnunda Luis Enrikäniň topary “Interi” 5:0 hasabynda utdy. Hasaby 12-nji minutda parižlileriň goragçysy Aşraf Hakimi açdy...

düýn 10:59
2.4k+

Massimiliano Allegri ýene-de “Milana” tälimçi bellendi

Italýan futbol kluby “Milan” Massimiliano Allegriniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Ýylyň başynda “Milana” ýolbaşçy bolan portugaliýaly hünärmen Seržiu Konseýsau bir gün öň işden çykaryldy...

düýn 10:54
3.7k+

“Real” Trent Aleksandr-Arnoldyň geçendigini resmi taýdan yglan etdi

Madridiň “Realy” “Liwerpulyň” ýetişdiren oýunçysy we Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Trent Aleksandr-Arnoldyň topara geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Futbolçy bilen şertnama 2031-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli möhlet bilen baglaşyldy...

30.05.2025 13:03
10k+

Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi düzüldi

Football Benchmark Group agentligi Ýewropada bazar bahasy ýokary bolan klublaryň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Madridiň “Realy” boldy. Onuň bahasy 6,3 mlrd ýewro barabar. Bloomberg “patyşalyk klubunyň” girdejileriniň “Bernabeu” stadionynyň durkunyň täzelenmegi netijesinde ep-esli artandygyny belleýär...