Serhio Aguero 33 ýaşynda karýerasyny tamamlady

  • 17.12.2021 10:31
  • 12k+

"Barselonanyň" we Argentinanyň milli ýygyndysynyň 33 ýaşly hüjümçisi Serhio Aguero özüniň karýerasyny tamamlaýandygy barada resmi taýdan yglan etdi. Bu barada BetON habar berdi.

"Bu gaty agyr pursat ... Bu meniň saglygym üçin zerur" - diýip, Aguero hoşlaşyk metbugat ýygnagynda gözüne ýaş aýlap aýtdy. Metbugat ýygnagy klubuň prezidenti Žoan Laportanyň gatnaşmagynda, "Kamp Nou" stadionynda geçirildi.

Ýadymyzda bolsa, 30-njy oktýabrda La Liganyň 11-nji aýlawynyň “Alawes” (1:1) bilen geçirilen oýnunda argentinaly oýunçynyň saglygy birden ýaramazlaşdy. Serhio meýdançanyň daşyna çykarylyp, onuň ýerine başga oýunçy girdi. Şondan soň oňa ýürek aritmi diagnozy goýuldy. Lukmanlar futbolça professional sportdan ýüz öwürmegi maslahat berdiler.

Aguero "Barselona" tomusda geçipdi. Ondan öň ol 10 ýyllap "Mançester Siti" toparynda çykyş etdi.


şu gün 00:10
1.3k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
3.9k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....

düýn 11:21
9k+

Kezzaplykda aýyplanýan Messiniň we AFA-nyň garşysyna kazyýet işi gozgaldy

«Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messi we Argentina futbol assosiasiýasy (AFA) kezzaplykda hem-de şertnama borçlaryny bozmakda aýyplanýar. VID promouterlik kompaniýasy bu mesele boýunça Günorta......

16.04.2026 09:31
7.7k+

Birinji ýarymda 5 gol: «Bawariýa» bilen «Real» ÇL-de hakyky şüweleň görkezdiler

«Bawariýa» we «Arsenal» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdylar....